Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylara öwredilýän her bir dersiň bilim berijilik we terbiýeleýjilik ähmiýeti bardyr. Mugallym sapagy guranynda, geçilýän temanyň düýp manysyny giňişleýin açyp görkezmek bilen, onuň ýaş nesliň durmuşynda terbiýe beriji aýratynlygynyň bolmagyna-da üns bermelidir. Şonda bilim bilen terbiýe utgaşyklykda alnyp barylýar. Bu bolsa döwrümiziň esasy talaby bolup durýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň gahrymançylykly eserleriniň biri-de «Görogly» şadessanydyr. Bu eser umumybilim edaralarynyň okuw meýilnamasynda okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, şahalara bölünip okadylýar. Şunda 6-njy synp okuwçylary bilen edebiýat dersinden «Göroglynyň döreýşi» temasy geçilýär. Bu türkmen halkynyň söýgüli eseri «Göroglynyň» birinji şahasydyr. Munda halkyň batyr, edermen, merdana ogly Göroglynyň (Röwşeniň) dünýä inişi, döreýşi, onuň çagalyk ýyllary, terbiýelenişi, dogumlylygy, batyrlygy beýan edilýär. Bu bolsa boýdan-başa terbiýeçilik häsiýete eýe bolup, ýaş nesle oňat ahlak sypatlaryny öwretmekde, olarda il-güne, halkyna, Watanyna bolan söýgini kemala getirmekde ähmiýetli bolup durýar. Tema barada gürrüň edilende okuwçylara, ilki bilen, «Görogly» şadessanynyň türkmen halky üçin nähili gymmatlykdygy, onuň ähmiýetiniň ýokarydygy barada umumy düşünje bermek bolýar. Şonda olara «Görogly» şadessanynyň türkmen edebiýatynyň ölmez-ýitmez eserleriniň biridigi, halk döredijiliginiň naýbaşysy hasaplanýandygy, eseriň türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy düşündirilýär. Geçilýän temanyň üsti bilen okuwçylara eserde boýdan-başa beýan edilýän gahrymançylyk, watançylyk, mertlik, adamkärçilik, hüşgärlik ýaly gylyk-häsiýetler barada gürrüň bermek bilen, Watan mukaddesligini terbiýelemek bolýar. Eserde ýaşajyk Görogly atasy Jygalybegiň elinde terbiýelenýär. Jygalybeg oňa arly-namysly, il-halkynyň bähbidini goraýjy, ejizleriň tarapyny tutujy, adalatly, paýhasly, tutanýerli, ugurtapyjy bolmagy öwredýär. Ol atasynyň wesýetlerine hemişelik wepaly bolup, il-halkynyň bähbidi üçin hyzmat edýär. Görogly gerçek goç ýigit bolup ýetişensoň, ýurduň ar-namysyny, agzybirligini goramakda mertligiň, batyrlygyň iň ýokary sypatlaryny görkezýär. Ol halkyna çyn ýürekden hyzmat edýär. Eserdäki gahrymanyň şeýle ajaýyp sypatlaryny okuwçylara gürrüň bermek bolsa, olaryň şeýle häsiýetlerini özlerine hemra edinmegine itergi berýär. Eseriň üsti bilen olar adama mahsus bolan oňat gylyk-häsiýetleriň birnäçesi bilen ýakyndan tanyşýar. Sapagyň täsirliligi mugallymyň döredijilik ukybynyň ýokarydygy bilen kesgitlenilýär. Şunda okuwçylara tema degişli maglumatlary kitaplardan, gazet-žurnallardan, internet maglumatlaryndan baýlaşdyryp gürrüň bermek netijeli bolýar. Multimedia tagtasynda «Görogly» eseri barada taýýarlanylan maglumatlary görkezmek bolýar. Bu bolsa okuwçylaryň geçilen tema bolan gyzyklanmalaryny, eseri okamaga bolan höweslerini artdyrýar. Mugallym teksti okuwçylara okatmak bilen, olarda söz baýlygynyň artmagyny, sözleýşiniň kämilleşmegini gazanýar. Olara yzygiderlilikde teksti labyzly okap, düşünmedik ýerlerinde sowallaryny berip biljekdiklerini ýatladýar. Eseriň diliniň düşnükliligi, wakalara baýlygy, täsirliligi okuwçylaryň esere bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şonuň netijesinde-de olar mugallyma birnäçe sowallar bilen ýüzlenýärler. Sowallaryň aglabasy eserde gabat gelýän käbir könelişen sözler bilen baglydyr. Şunda mugallym her bir sözi aňladýan manysy bilen sapagyň dowamynda okuwçylaryň sözlük depderlerine ýazdyrsa, dilden giňişleýin düşündirse, netijeli bolýar. Bulara mysal edip, eserde gabat gelýän käbir sözleri bellemek bolar: hammal (hyzmatkär), jinde (don), zerre (bir zadyň iň kiçijik bölegi), jyga (owadan guşuň ýelegi, owadan ýelege meňzeş täç), pygan (gaýgy, gussa, gam), ser (baş) we şuňa meňzeşler. Görnüşi ýaly, türkmen halk döredijiliginde uly orun tutýan «Görogly» şadessanynda gabat gelýän käbir könelişen sözler okuwçylara manylary bilen bilelikde düşündirilse, olaryň ata-babalarymyzyň ulanan sözleriniň manysyny öwrenmeklerine, eseriň täsirliliginiň artmagyna ýardam eder. «Görogly» şadessany diliniň düşnükliligi, wakalaryň mazmuna baýlygy, gyzyklylygy, özboluşlylygy, milliligi we dürli temalary öz içine alýanlygy bilen tapawutlanýar. Görogly begiň keşbiniň üsti bilen mert türkmen ýigitleriniň keşbini görmek bolýar. «Görogly» şadessany türkmen halkynyň şöhratly ýeňişlerini, erkana durmuşyny şahyrana şekilde suratlandyryp, nesilleriň watansöýüjilik ruhuna ruh goşýar. Halk oňa zehinini, ahlak ideýasyny, bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky isleg-arzuwlaryny siňdiripdir. Şonuň üçin bu eseriň bahasyna ýetip bolmajak terbiýeleýjilik ähmiýeti örän uludyr.
Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy.
19.10.2022 ý.