MILLI TERBIÝE — ASYLLY ÝÖRELGE

Häzirki döwürde şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge uly üns berilýär. Türkmen halky gadymy taryhy ösüş döwürlerinden bäri ruhy-medeni gymmatlyklaryna, şeýle hem gaýtalanmajak milli medeniýetine örän uly ähmiýet berip gelen halklaryň biri hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-ruhy baýlyklarymyza, medeni mirasymyza bolan gyzyklanma has-da artdy. Milli ýörelgelerimiziň özeninde ene dilimiz, edebiýatymyz, nesil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bardyr. Şeýle asylly ýörelgelerimizi, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere öwretmek we olarda watansöýüjilik, il-güne belent sarpa ýaly häsiýetleri terbiýelemek esasy ugurlaryň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni-ruhy baýlyklara, gadymy sözlere, manyly aýtgylara, edebi gymmatlyklara aýawly çemeleşýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhynyň, diliniň, edebiýatynyň, sungatynyň, medeni-ruhy mirasynyň egsilmez hazynadygyny aňladýar. Halk mirasy bilen baglanyşykly gadymy sözler, şol sanda atalar sözi, nakyllar, dürli aňlatmalar, täsirli aýtgylar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şeýle hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde we olarda watansöýüjilik ruhuny döretmekde egsilmez ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Gözüm gaýra düşmez, göwün eglenmez, Magtymguly sözlär tili türkmeniň» diýip, Watany wasp edýär. Şeýle setirlere türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde has köp duş gelmek bolýar. Halk döredijiliginiň nusgasy bolan nakyllaryň, şeýle hem atalar sözüniň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny hem bellemek gerek. Şu mynasybetli halallyk, millilik, il-günüňi abraýlamak, Watanyňy söýmek ýaly düşünjeler bilen baglanyşykly nakyllara hem ýaşlaryň ünsüni çekmek mümkindir. Ýaşlara bilim bermek, olary belli bir hünärlere ugrukdyrmak, saýlap alan hünärlerine söýgi döretmek ýaly örän jogapkärli işlerde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli terbiýe ýörelgelerini giňden peýdalanmak özüniň oňyn netijelerini berýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda durmuş pelsepesinde kämilleşip, biziň günlerimize ýeten baý pedagogik mirasy bolan halk döredijilik eserlerimiziň dürli görnüşlerinde kämil ýörelgeler bar. Şeýle asylly ýörelgeler nakyllarda, atalar sözlerinde giňişleýin beýan edilýär: «Akyl ýaşda däl, başda», «Bir — okana, bir — dokana», «Är görki — akyl», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag». Şeýle nakyllaryň özeninde nesillere ýagşylygy ündemek, öwüt bermek bardyr. Şonuň üçin hem bu öwüt-nesihaty kalbyna guýan ýaşlar terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Pähimdar pederlerimiz hem şeýle paýhasly nakyllary döretmek bilen söze, söz bilen ýaşlara täsir etmäge aýratyn üns beripdirler. Bu günki günde gadymdan gelýän şu asylly ýörelgelerimizi dowam etdirmek we ýaşlary milli ruhda terbiýelemek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

 

Züleýha ŞADYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

“Mugallymlar” gazeti,

19.10.2022 ý.

Meňzeş habarlar