Çagalaryň durmuşyndan

Geografiýa sapagynda mugallym Myrada ýüzlenip:

— Myrat, hany, kartadan öz ýaşaýan ýeriňizi görkez! — diýýär. Onda Myrat: — Men kartada ýaşamog-a mugallym — diýip jogap berýär. * * *

Aman we Esen atly ekiz oglanjyklar mekdepden dolanyp gelýän ekenler. Esen ýoldaşlary bilen güýmenip, biraz yza galypdyr. Ýolda Amana goňşusy duşupdyr. Aman oňa salam beripdir. «Amanmyň, esenmiň?» diýip, goňşusy onuň salamyny alypdyr. Onda Aman: — Men Aman. Esen biraz yzymdan gelýär — diýip jogap beripdir. * * *

Döwletjik ejesine ýüzlenip: — Eje, biziň mugallymymyz hiç haçan düýe görmändir öýdýän — diýipdir. Ejesi: — Sen ony nireden bilýäň? —diýip, ogluna ýüzlenipdir. — Men sapakda düýäniň suratyny çekdim welin, mugallym: «Bu çeken suratyň näme?» diýip sorady diýip, Döwletjik jogap beripdir.

 

Şatlyk JEPBAROW,

Murgap etrabyndaky 3-nji orta

mekdebiniň mugallymy

«Mugallymlar» gazeti,

24.10.2022 ý.

Meňzeş habarlar