Bir gün agşamara daýhan öýüne barýan ekeni. Şol wagt köçedäki süýjülik dükanyndan şeýle ýakymly ys töwerege ýaýrap durdy. Ýaňky daýhan dükana girýär we ol ýerde birsalym durýar, ýöne daýhan pulunyň ýoklugy sebäpli dükandan çykmak bilen bolýar. Şonda dükanyň eýesi oňa ýüzlenip:
— Duruň! Siz puluňyzy töläp gidiň! — diýýär. Bu sözlere daýhan haýran galýar. Ol:
— Men tölär ýaly hiç zat almadym ahyryn — diýip, haýran galmak bilen satyja jogap berýär. Şonda satyjy:
— Siz hiç zat almasaňyzam, meniň süýjüliklerimiň ysyny aldyňyz. Ys almak hem iýmek ýaly gowy zat. Hany, puluňyzy töläň! — diýýär.
Bularyň dawasyny eşidip duran akylly adam daýhany çete çagyryp, oňa birnäçe teňňe berýär-de, satyjynyň özüniňkä laýyk pikir aýdýar. Şondan soň daýhan satyjynyň ýanyna baryp, jübüsindäki teňňelerini şyňňyrdadýar. Satyjy oňa:
— Puluňy şaňňyrdadyp durma-da töle! — diýýär. Daýhan bolsa:
— Men eýýäm pulumy töledim. Sen puluň şaňňyrdysyny eşidipsiň. Eger ys almak iýmek bilen deň bolsa, onda eşitmek hem edil almak ýalydyr — diýip, daýhan çykalga tapanyna hezil edip güldi.
Taýýarlan Saparmyrat MÄMMETMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
24.10.2022 ý.