Häzirki wagtda ýurdumyzda körpe nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň beden we ruhy taýdan kämil ösüşini kemala getirmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda-da körpeleriň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olarda eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, merdana halkymyza belent buýsanç duýgusy kemala getirilýär. Şeýle-de, olarda kiçini söýmek, ula hormat goýmak ýaly asylly häsiýetler terbiýelenýär.
Bilşimiz ýaly, çaga ata-enesinden alan zehin mümkinçiligi bilen dünýä inýär. Şol zehin bolsa her çagada dürli-dürli bolýar. Şonuň üçin-de, çagalar baglarynda körpeleriň bar bolan ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açmak maksady bilen, dürli bäsleşikler, göwnaçmalar guralýar, gyzykly oýunlar oýnadylýar. Şolaryň hatarynda çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň körpeleriniň arasynda «Bilgirje körpeler» atly bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşikde körpeler üç dil boýunça öz uky-başarnyklaryny görkezýärler. Olar türkmen dilinde aýdym aýdýarlar, iňlis dilinde goşgy okaýarlar, rus dilinde bolsa gepleşikler taýýarlap, çykyp edýärler. Körpeler ses, söz, bogun barada gürrüň bermek bilen, berlen ses boýunça sözlem düzmekde hem ýaryşýarlar. Olar 10-a çenli sanamak, öňe we yza, tertip boýunça sanamak, wagtda we giňişlikde ugur tapmak, geometrik şekilleri bilmek, matematiki alamatlary düşündirmek boýunça hem çykyş edip, öz zehinlerini görkezýärler. Guralýan bu bäsleşiklerde reňkli suratly, görkezme esbaply çykyşlar has-da täsirli bolýar.
Mundan başga-da, çagalar baglarynda körpeleriň zehinlerini ýüze çykarmakda gyzyklanma çäreleriniň ähmiýeti örän uly bolýar. Olar dürli-dürli bolup, türkmen milli sungatynyň ähli görnüşlerini öz içine alýar. Bu bolsa körpeleriň çeper döredijilik endiklerini kemala getirmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Aýdym-sazly çykyşlarda aýdylýan gysgajyk goşgular, sahna oýunlarynda ýerine ýetirilýän halk döredijilik eserleri körpelerde şatlyk we kanagatlanma duýgularyny döredýär. Türkmen halk ertekileri esasynda guralýan gurjak oýunlary bolsa olaryň ºatlygyna şatlyk goşýar, milli ruhda terbiýe almagyna ýardam berýär.
Göwnaçma çärelerinde dürli galamlaryň we reňkleriň ulanylmagy körpeleri has-da begendirýär. «Jadyly galamlar» ady bilen guralýan göwnaçma çäresinde körpeler dürli temalar boýunça kagyza, asfaltyň ýüzüne surat çekmek arkaly ýaryşýarlar. şekillendiriş sungaty bilen baglanyşykly bu çäreler körpelere gözellik terbiýesini bermekde, olaryň çeperçiligini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelerde sporta söýgi hem döredilýär. Olar bilen dürli sport ýaryşlary guralýar. «Körpe türgenler», «Kim çalasyn, kim çakgan?» ýaly bäsleşikler olaryň uly höwes bilen gatnaşýan oýunlarydyr. Bu çäreleriň üsti bilen körpelerde ýaşlykdan başlap, sporta bolan höwesi artdyrmak, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak maksat edinilýär.
Körpeler bilen alnyp barylýan bu çäreleriň ählisi olaryň sözleýşini ösdürmek de, beden hereketlerini işjeňleşdirmekde, şähdaçyklygyny gazanmakda, diňlemek, aňşyrmak ýaly duýgularyny kämilleşdirmekde, ukyp-başarnyklaryny açmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bulary üstünlikli amala aşyrmak bolsa biziň çagalar bilen alyp barýan okuw-terbiýeçilik işimiziň hiline bagly bolup durýar. Şonuň üçin-de, her bir terbiýeçiniň, mugallymyň döredijilikli, jogapkärçilikli işlemegi zerurdyr.
Gülälek TAGANOWA,
Akdepe etrabyndaky 3-nji çagalar
bagynyň usulçy-terbiýeçisi.
26.10.2022 ý.