Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşler gazanylýar.Şeýle beýik ösüşleriň gazanylýan döwründe bilim ulgamy hem barha kämilleşdirilýär. Döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda, ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. şonuň üçin hem ýaş nesilleriň terbiýesine, olaryň watan söýüjiligine orta mekdepde aýratyn üns bermek zerurdyr.Esasan hem, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak, öwredilýän tema oňat düşünmekleri üçin guramaçylygy ýola goýmak mugallymyň baş maksady bolmalydyr.
Şunda okuwçynyň nämä üns berýändigini,haýsy temalara gyzyklanmasynyň güýçlüdigini mugallym nazarda tutmalydyr. Şeýle edilende okuwçynyň üns berýän ugruny ösdürmäge we onuň geljekde hünär saýlap almagyna mümkinçilik döreýär.
Hünäre ugrukdyrmak işi bir näçe ugurlary öz içine alýar. Şunda esasan gyzyklanma sapaklaryny geçmek, bu sapakda temany çuňlaşdyryp öwretmek mümkindir.Şeýle hem okuwçylary sapakdan daşary çärelerde hünäre ugrukdyrmak bolýar, ýagny öýe ýumuş bermek, belli bir kitapdan käbir ýerleri ýat tutdurmak maksada laýykdyr.
Orta mekdebi tamamlaýan ýaşlary durmuşa we zähmete taýýarlamak wezipesi geljekde ylmy-tehniki we sosial progresiň işjeň gatnaşýan şahsyýeti kemala getirmegi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly» diýip belleýär. Bu wezipäni amala aşyrmakda ýaşlary orta mekdepde okaýan döwründen başlap, bilimlerini özleşdirmäge işjeň çemeleşmekleriniň örän uly ähmiýeti bar. Okuwçynyň işjeňligi umumy bilim taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrýar, geljekde jemgyýetçilik durmuşynda işjeň hereket edýän şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär.
Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ony täze hil derejä çykarýar. Şunda täze okuw sapaklaryny girizmek, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin zerur şertleri döretmek, ösen tehnologiýalar esasynda okatmagyň hil taýdan täze usullaryny özleşdirip ornaşdyrmak öňden dowam edip gelýän okatmagyň adaty usullaryny döredijilikli we ýerlikli ulanmak bilen utgaşdyrylýar.
Okuwçynyň ylmy maglumatlara gyzyklanmasynyň ýüze çykmagy mugallym tarapyndan okuw-terbiýeçilik işini guramagyň we geçirmegiň hili, ulanýan usullary bilen şertlendirilendir. Mugallymyň gürrüňi, ulanan mysallary netije çykarmakda okuwçylara hödürlenýär. Bu barada mugallym okuw okuwçylara öňünden duýdurýar. Täze temany düşündirmek işi okuwçylaryň öňünde akyl ýetiriş häsiýetli ýumuş goýulmagy bilen başlanýar. Okuwçylara sowal boýunça özbaşdak pikir ýöremek we netije çykarmak hödürlenýär.Okuwçylar mugallymyň taýýarlan sowallaryna jogap berenlerinde, özleriniň tema bolan garaýyşlaryny, düşünjelerini hem erkin beýan etmeli, bu babatda özbaşdak pikirlenmegi, pikir ýöretmegi öwrenmeli. Mugallym sowal-jogap usulyny ulanmak bilen, okuwçylaryň ünsüni obýektiw şertlere gönükdirýär. Bu usul okuwçylaryň akyl ýetiriş işjeňligini artdyrýar we pikirlenişini ösdürýär. Okuwçylar sowallaryň jogaplaryny özbaşdak tapmagy, tema boýunça degişli maglumatlary tapgyrlaýyn özleşdirmegi we netije çykarmagy gazanýarlar.Şonuň ýaly-da, okuwçylarda öwrenilýän täze maglumatlara we olary özleşdirmäge oňyn garaýyş emele gelýär. Okuwçylaryň taýýarlygy sapak döwründe mugallym tarapyndan goldanylyp durulýar. Işiň gidişinde her bir okuwçy bilimi özleşdirmäge goşulyşýar, okuw işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan sowallaryň jogaplaryny özbaşdak tapmaga çalyşýar, öz bilimlerini, başarnyklaryny, öňden bar bolan tejribesini akyl ýetiriş häsiýetli ýumuşlary ýerine ýetirmäge gönükdirýär.
Işjeňlik ýörelgesi okatmak işini guramakdaky umumy talaplary aňladýar we ol okatmagy her bir ýörelgesi bilen baglanşykda bolýar. Mysal üçin, durmuş bilen baglanyşdyryp okatmak ýörelgesi okuwçylary işjeňleşdirmegiň mazmun esasyny düzýär. Ylmylyk ýörelgesi okuwçylaryň özleşdirýän temasynyň mazmunyna akyl ýetirmek we ony ýatda saklamak boýunça işjeňliginiň esasyny döredýär.Şonuň ýaly-da, bu ýörelge öwrenilýän tema nazaryýet taýdan seljerme bermek boýunça okuwçylaryň işjeň bolmagyny şertlendirýär.
Mugallymyň sapagy guraýşy, okatmagyň usullaryndan peýdalanyşy okuwçynyň düşünjesine täsir edýär. Şonuň üçin mugallym sapagy guranda hem, sapakdan daşary çärelerde hem ylmy esasda işlenen usulyýetden peýdalanmalydyr. Munuň özi mugallymyň okuw-terbiýeçilik işini guraýşyna bagly bolýar.
Maýsa MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
«Mugallymlar» gazeti,
26.10.2022 ý.