Türkmen halky nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berip, bu babatda asylly ýörelgäni kemala getiripdir. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin paýhasly sözleri olaryň aňlaryna guýupdyrlar. Elbetde, nesil terbiýesinde halk döredijilik eserleriniň hem, paýhasly sözleriň hem aýratyn orny bardyr. Şonuň ýaly hem milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna guýmak, olaryň saz sungatyndan, çeper edebiýatdan habarly bolmaklaryny üpjün etmek milli terbiýäniň bir ugry bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmen maşgalasynda dutar, gyjak ýaly saz gurallary saklanyp, ýaş nesillere görüm-görelde bolupdyr.
Perzendiň päk ahlakly, watançy ynsan bolup ýetişmegi onuň maşgalada we jemgyýetde alan terbiýesine baglydyr. Onuň maşgalada milli gymmatlyklary görüp ulalmagy, öý-ojakda türkmen halysyna, dutar-gyjagyna söýgi döremegi watansöýüjiliginiň ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemäge, döwrebap bilim bermäge döredilýän mümkinçilikler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze we giň many-mazmuna eýe bolýar. Ylym-bilime, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, maşgala gymmatlyklarymyza uly üns bermek asylly ýörelgelerimize öwrüldi. Bu günki günde şeýle asylly ýörelgelerimizi dowam etdirmekde, ösdürmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem nesilleri milli ruhda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Hawa, milli medeniýetimizde, çeper edebiýatda nesil terbiýesiniň asylly ýörelgesini görmek bolýar. Biz muňa Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Şahyr öwüt-nesihaty, ilki bilen, ata Watanyňy söýmäge, agzybirlige, asudalyga, jebislige her bir adamyň goşant goşmagyny wagyz etmäge gönükdirilip:
Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma — diýýär.
Magtymguly Pyragynyň edep-terbiýe hakyndaky goşgulary hem nesil terbiýesinde gymmatly hazynadyr. Şahyr ýaş nesillere dogruçyllyk, päkniýetlilik, halallyk ýaly türkmen halkyny bezeýän asylly sypatlary ündeýär.
Halkymyz nesil terbiýesinde milli ýörelgeleri kemala getiripdir. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi, halk döredijilik eserlerimizi ylmy esasda öwrenmäge, ýaş nesillere öwretmäge ruhlandyrýar.
Täjibaý TAŇRYBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň uly mugallymy.
31.10.2022 ý.