TÜRKMEN DILI SAPAGYNY TÄSIRLI GURAMAGYŇ ÝOLLARY

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy orunda goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär we döwrebap usullar durmuşa ornaşdyrylýar.

Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolmagynda guralýan sapaklaryň uly täsiri bardyr. Okuwçylara türkmen dili sapagynda ene dilimiziň aýratynlyklary we onuň ýazuw kadalary giňişleýin öwredilýär. «Görkezme çalyşmalary we olaryň aýratynlyklary» atly tema geçilende multimedia tagtasynda prezentasiýalaryň üsti bilen sapagy has-da işjeňleşdirýäris.

Bilşimiz ýaly, çalyşmalar özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna degişli bolup durýarlar. Türkmen dilinde esasan at çalyşmalary, görkezme çalyşmalary, gaýdym çalyşmasy, sorag çalyşmalary, nämälim çalyşmalar ýaly topary bar. Temany interaktiw usulda düşündirmek okuwçylaryň öwrenen zatlary baradaky düşünjelerini artdyrýar, ýatlarynda oňat galmagyna täsir edýär.

Sapagyň guramaçylyk döwründe okuwçylara çalyşmalar hakynda giňişleýin gürrüň berýärin. Türkmen dilinde ulanylýan çalyşmalary bilmek we düşünmek okuwçylary hem gyzyklandyrýar, çünki çalyşmalara düşünmek olary sözlemde dogry ulanmagymyza we dürs sözlemegimize oňat ýardam edýär. Türkmen dilinde esasan bu, şu, ol, şol, hol görkezme çalyşmalary ulanylýar.

 Okuwçylara bu, şu görkezme çalyşmalaryň sözlemde getirilişi hakynda aýratyn düşündirýärin, çünki bu we şu görkezme çalyşmalary sözlemde gelenlerinde özboluşly aýratynlyga eýe bolýarlar. Bu çalyşmasyndan tapawutlanyp, şu çalyşmasy başgaça ulanylanda, onuň görkezýän zady soňra anyklanýar. Mysal üçin:

— Bahargül, meniň saňa sargajak zatlarym şu: kitap okamagy hiç haçan unutma!

Şonuň ýaly-da, şu çalyşmasy öňki aýdylanlary jemläp, jemleýji söz bolup gelende, pikiriň gutarandygyny aňladýar. Emma bu çalyşmasy şeýle funksiýada ulanylmaýar. Mysal üçin:

— Ine, meniň häzirki aýtjak zatlarymyň bary şu.

Geçilen temany berkitmek döwründe okuwçylara görkezme çalyşmalary getirilen sözlemleri okadýaryn. Şeýle hem nakyllarda, atalar sözlerinde görkezme çalyşmalaryň getirilişini düşündirýärin. Şunda okuwçylar nakyllary hem ýat tutýarlar, söz toparlarynyň sözlemlerde gelşine üns berýärler. Şeýlelikde, tema degişli sowallar berip, okuwçylaryň düşünjelerini barlamak bolýar. Bu bolsa geçilen temanyň ýatda galyjylygyny berkidýär, sapagyň has-da täsirli bolmagyna ýardam edýär. Olara öý ýumşy hökmünde öz maşgalalary barada tekst ýazyp gelmegi we görkezme çalyşmalary sözlemde getirmegi tabşyrýaryn. Şonda okuwçylaryň diňe bir okamak endigi ösdürilmän, eýsem, olaryň ýazuw, pikirlenme endikleri hem kämilleşdirilýär.

Görnüşi ýaly, okuwçylara görkezme çalyşmalary düşündirmek örän zerurdyr, çünki olary ýerinde ulanmak olaryň sözleriniň akgynly, manyly bolmagyna oňat täsir eder. Şonuň üçin hem görkezme çalyşmalary, olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary, sözlemde gelşi, many aýratynlyklary okuwçylara doly düşündirilmelidir.

 

Orazgül ANNAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 36-njy orta

mekdebiň mugallymy.

«Mugallymlar» gazeti,

31.10.2022 ý.

Öňki makala

ASYLLY TERBIÝE

Meňzeş habarlar