Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde ýerleşýän Ahal welaýatynyň ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyny Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin gürrüň berildi.
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşi
WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
18 Oktýabr 2022
2042
Meňzeş habarlar
13 Noýabr 2025
| 104 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
SÖHBETDEŞLIK TÄSIRLI GEÇDI
13 Noýabr 2025
| 113 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
HASYL TOÝUNYŇ DABARALARY JOŞGUNA BESLENDI
13 Noýabr 2025
| 86 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>












