Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda «Ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy» ady bilen Kaka dokma toplumynyň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa dokmaçy ýaşlar, mekdep mugallymlary, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynda, beýik işlerinde berkarar Watanymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň her biriniň bähbidini görmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtly we röwşen geljegimizi ösüp barýan ýaş nesillerimiz bilen baglanyşdyrýar. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýaşlar hakdaky aladalardan nyşandyr. Ýaşlaryň dürli ulgamlarda döredijilikli we netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler has hem buýsandyryjy.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetine hem aýratyn üns çekilip, bagtyýar ýaşlara öz zähmet çekýän hünärlerinde uly üstünlikleri gazanmaklary arzuw edildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara ähli ugurlarda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.











