«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze taryhy döwrüň ilkinji ýylynda Garaşsyz Watanymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy,belent sepgitlere ýetildi.bedenterbiýe we sport ulgamynda hem hoş habarlaryň, uly ýeňişleriň yzy üzülmän,ildeşlerimiziň göwün guşy gökde ganat ýaýdy.Türgenlerimiz dünýäniň çar künjegindäki halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip,Watanymyzyň Baýdagyny belentde parlatdylar.Bu üstünlikler hormatly Arkadagymyzyň başyny tutan hemde Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän asylly hem döwletli işleriniň miweleridir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi we Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde guramaklarynda Gökdep etrabyndaky sport mekdebinde ýaş karateýçileriň arasynda sport ýaryşyny geçirdi. Bu sport ýaryşy ýaşlarymyz üçin örän täsirli boldy. Ýaş türgenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlarymyz üçin sport äleminde döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak bilen çäklenmän eýsem daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy özlerinde maksat edinýärler.
Geçirilen sport ýaryşynda ýeňiji bolan türgenleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. Ýaş türgenler sport äleminde ýaşlarymyz üçin şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyp, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.