«KÖPETDAG» ÝOKARY LIGADA 1000 UTUK GAZANAN 4-NJI TOPAR BOLDY

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol toparynyň 14-nji tapgyrda myhmançylykda gazanan ýeňşi toparyň taryhyndaky şanly waka öwrüldi. «Energetik» bilen duşuşykda gazanylan ýeňişden soň, «Köpetdag» Ýokary ligada gazanan utuklarynyň sanyny 1000-e tegeledi. 15-nji tapgyrda bolsa «Merw» bilen deňmedeň oýnan paýtagtymyzyň futbol kluby 2-nji müňlüge gadam goýdy.

Milli çempionatyň ilkinji ýyllaryndan 2007-nji ýyla çenli yzygiderli çykyş eden «Köpetdagyň» utuklary hem hasaba alyndy. Şeýlelikde, «Köpetdag» Ýokary ligada 1000 utuk gazanmagy başaran 4-nji topar hökmünde hasaba alyndy. Sport žurnalisti Agageldi Italmazowyň hasaplamalaryna görä, çempionatyň 30 ýyllyk taryhynda «Nebitçi» ilkinji bolup 1000 utuk gazanan topar boldy. Soňra «Merw» şeýle sepgidi eýeledi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň bütin dowamynda Ýokary ligada üznüksiz çykyş edip gelýän 3 toparyň biri bolan «Şagadam» hem bu sanawdan orun alypdyr.

1000 utuga barabar sepgide iň ýakyn topar «Ahaldyr». Häzir çempionatda birinji orunda barýan «Ahalyň» utuk sany 900-e golaýlaýar.

 

«7/24.tm»