WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň Bäherden etrap Geňeşiniň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrap häkimliginiň mejlisler zalynda işgärleriň arasynda «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunyna ýugrulan “Türkmen alabaýy” atly kitabyndan rowaýatlar getirilip, dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy, onuň wepaly dostlugy, gaýduwsyzlygy dogrusynda gyzykly gürrüňler berildi.

Halkymyzyň milli mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini bütin dünýä ýaýmakda bitirýän işleri üçin dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR