BILIM OJAKLARYNDA

Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy ýöriteleşdirilen 27-nji, 45-nji we 46-njy orta mekdeplerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary — bagtyýar geljegiň binýady» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary işjeňlige eýe boldy. Ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleri, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat polisiýa müdirligi, welaýat prokuraturasy, welaýat kazyýeti tarapyndan guraldy.

Duşuşyklarda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çuň manyly çykyşyndan gelip çykýan wezipeler, şeýle-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Watansöýüjilik, edep-ekram, sagdyn durmuş ýörelgeleri, milli mirasa sarpa goýmak bilen baglanyşykly gürrüňe hem aýratyn üns çekilip, şonuň bilen bagly ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

 

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR