Ýaşlar okuw-maslahata gatnaşdy

Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda  “Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi ösüşiň milli tejribesiniň esasydyr” atly bäş günlük okuw-maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, Gökdepe etrap hem-de Tejen şäher Geňeşleriň işgärleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary bolup durýan ýaşlar hem gatnaşdy.

21-nji oktýabrda okuw-maslahatyň ýapylyş dabarasynyň çäginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy ösdürmek boýunça edilýän tagallalara, şeýle-de  hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, Diýarymyzyň ösüş-özgertmelerini  wagyz-nesihat etmekde şahsy goşandyny goşýan ildeşlerimiziň ýigrimä golaýy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan sylaglandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň Hormat hatyna hem-de ýörite sowgadyna mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýew hem bar. Ýaşlar özleri hakdaky aladalardan ruhlanyp, Watanymyza beýik, taryhy işlerine hemişe mynasyp goşandyny goşarlar.

Öňki makala

SPORT-SAGDYNLYGYŇ RUHY

Indiki makala

BILIM OJAKLARYNDA

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR