“AK ALTYNLY ATYZLARDA”

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Maksatly mülkdar” daýhan hojalygynyň pagta meýdanynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň pagtaçylaryň arasynda yglan eden nobatdaky ongünlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde öňdebaryjy zähmetkeşleriň birnäçesi, ady agzalana daýhan hojalygyň ýygymçylary, Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary hem-de pagta arassalaýjy kärhananyň sürüjileri, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sowgatlaryna mynasyp boldylar.

 

Ahmet GYŞYKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 108 okalan

SÖHBETDEŞLIK TÄSIRLI GEÇDI

13 Noýabr 2025 | 118 okalan

HASYL TOÝUNYŇ DABARALARY JOŞGUNA BESLENDI

13 Noýabr 2025 | 91 okalan

ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ BUÝSANJY