WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 02-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň Bäherden etrap Geňeşiniň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasyndaky 29-njy orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň hasda belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredilýändigi dogrusynda gürrüňler berildi.

Ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR