WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň Tejen etrabynyň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Tejen etrabynyň 11-nji orta mekdebinde okap bilim alýan okuwçylaryň arasynda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly okuwçylar  siz Watanymyzyň gelejegi, dowam-dowamaty bolup durýaňyz. Siziň ýokary ahlakly, adamkärçilikli, ilhalar, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegiňiz ata-eneleriňiz üçin hem, Watanymyzyň gelejegi üçin hem zerurdyr. Şonuň üçin hem siz edep-tertibiňizi, saglygyňyza, beden hem ahlak arassalygyňyza uly üns  bermelisiňiz. Başarnykly boluň, hünär öwrenmäge yzygiderli üns beriň. Türkmeniň taryhyna ser salanymyzda hem biziň ata-babalarymyz hem  ýaşlarymyzyň mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleriň bolmagy üçin dünýä nusgalyk bolandyklaryna göz ýetirýäris. Biz hem şol ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerinden nusga almalydyrys diýip okuwçylara ýüzlenmek bilen sözüni jemledi.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR