Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 4-nji noýabrnda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepde okuwçylaryň arasynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Her bir maşgala özbaşyna bir döwlet. Munda halk terbiýesindäki ata-ene bilen perzent gatnaşygy esasy orunda durýar. Kybla deňelýän ata bilen, öýdäki Käbämiz saýylýan enelerimiziň başlarymyzyň täjine deňelip söýülmegi ähli zadyň başlangyjydyr. Çagalaryna ýerlikli terbiýe berip, alym çykmazyndan öň adamçylyga mahsus türkmençilik ýörelgelerini öwreden halkymyz nesil daragtynyň köküni çeşmä ýetiripdir.
Dabara şular dogrusyndaky gyzykly söhbetler bilen dowam etdi. Soňra şeýle mukaddes türkmençilik ýörelgelerimizi dowam etmäge giň ýol açan Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy.