Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 41-nji orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň arasynda «Sport — saglyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sportuň sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekdäki ornuny düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ösüş-özgertmeli döwrümizde ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän aladalar, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, sport bilen meşgullanmagyň adamda beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmek we netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýändigi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligi barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.
Duşuşyga gatnaşanlar ynsan saglygyny goramak, türkmen sportuny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Kakamyrat NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.












