Türkmenistan — ÝUNESKO: milletiň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar.

Ylym-bilim, medeniýet we taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamlary hem-de ekologiýa ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda geçirilýän, gatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen dürli çäreler medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary berkitmegiň kepili bolup hyzmat edýär. Bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan käbir täsin desgalar saýlanyp alyndy. Soňra şol desgalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda umumadamzat gymmatlygynyň üç sany täsin taryhy-arheologik ýadygärligi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary bar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde taryhy şäherleri ösdürmekde ÝUNESKO-nyň standartlaryny okatmak üçin ýörite okuwlary açmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýleki ugurlarda köp sanly taslamalary amala aşyrmak bellenilýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek, geljekde bolsa ýurdumyzyň şäherleriniň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna goşmak maksat edinilýär.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary dünýäniň palçyk wulkanlarynyň ählisiniň ýarysyna golaýynyň jemlenen ýeri bolan Balkan welaýatyndaky palçyk wulkanlaryny örän gyzykly wulkanly sebiti hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bu düzüm bilen bilelikde iş alyp barmagy meýilleşdirýär. Munuň özi gaýtalanmajak landşaft-geologik düzümleri öwrenmek hem-de aýawly saklamak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Köýtendagyň dag ekologik ulgamyny we onuň gowaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça milli hödürnama taýýarlanylýar. Bu resminamanyň ylmy-barlag we maglumat ugurlaryny pugtalandyrmak maksady bilen, türkmen hünärmenleri Uly landşaftlary gorap saklamak merkezindäki kärdeşleri bilen bilelikde işjeň gepleşikleri alyp barýarlar.

Şeýlelikde, döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň aýawly saklanmagyny we wagyz edilmegini üpjün etmäge, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň belent ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Meňzeş habarlar