10-NJY NOÝABR PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA BÜTINDÜNÝÄ YLYM GÜNI

BMG-niň Baş Assambleýasynyň belli seneleriniň hatarynda 10-njy noýabr aýratyn möhüm seneleriň biridir. Çünki, her ýylyň 10-njy noýabrynda bellenilýän “Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna Bütindünýä ylym güni”, ylymyň jemgyýetdäki möhüm ornuny we ýüze çykýan ylmy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna köpçüligiň gatnaşmagynyň zerurdygyny görkezmek üçin niýetlenendir. Bu güniň bellenilmeginiň ýene bir sebäpleriniň biri hem, adamlara ylmyň gündelik durmuşdaky tutýan ornuny görkezmekden ybaratdyr. Diýmek, ylym bilen jemgyýetiň arasynda köpri bolup hyzmat edýän bu günde, ýagny 10-njy noýabrda guralýan ylmy maslahatlaryň maksady jemgyýetimizi ösdürmekde, raýatlaryň düşünjeliligini giňeltmekde, raýatlary ylmyň gazananlary bilen habarly etmekde alymlaryň aýratyn ornunyň bardygyny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu ugurda BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan Bilim, ylym we medeniýet boýunça ÝUNESKO guramasynyň aýratyn bitirýän hyzmatlary uludyr. 2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda “Durnukly ösüşi gazanmak üçin düýpli (fundamental) ylym” atly ylmy maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda esasan lukmançylykda, senagatda, oba hojalygynda, daşky gurşawy goramakda, aragatnaşykda we medeniýetde ylmyň gazananlary baradaky maglumatlar dogrusynda alymlar çykyş edip, ýetilen belent sepgitler bilen halk köpçüligini habarly ederler.

 

Döwlet JÜMMIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar