AHALTEKE BEDEWI – GÖZELLIGIŇ, SUNGATYŇ WE SAGDYNLYGYŇ SIMWOLY

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW:

“Behişdi bedewlerimiz ösüşleriň

belent sepgitlerine barýan Garaşsyz

Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr”.

Toý-baýrama, ynsan bagtyýarlygynyň ajaýyplygyna, bir suprada jem bolup asuda, parahat ýaşaýşa göwni telwasly halkymyz, ine bugün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmeniň köňül buýsanjyna, uçar ganatyna öwrülen ahalteke bedewlerimize bolan söýgüsi bilen okgunly öňe barýar. Eziz Diýarymyzda pederlerimiziň aty sarpalamakdaky däplerine, behişdi bedewleri bakyp-bejermegiň gizlin syrlaryny aňlan seýislerimiziň sünnäläp, sungat derejesine ýetiren atşynaslyk baradaky ýol-ýörelgeleri biziň häzirki günlerimizde-de mynasyp dowam etdirilip, atşynaslygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy – bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esasylary we göze dürtülip duranlarydyr” diýip belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri biziň milli buýsanjymyza öwrüldi. Biziň şeýle gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň alyp barýan halkara ähmiýetli işleri aýratyn bellärliklidir. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz tarapyndan häzirki wagtda ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler yzygider dowam etdirilýär. Bu bolsa türkmen atşynaslyk sungatynyň hem-de türkmen ahalteke bedewleriniň at-abraýynyň dünýä ýaň salmagyna özüniň ajaýyp täsirini ýetirýär.

Her öýüň işiginde owadan, endamy simap suwy berlen ýaly lowurdap duran ýyndam bedewleriň bolmaklygyny at üstüni öý edinen türkmen döwletlilik hasaplapdyr. Türkmen atşynaslygynyň ata-baba ýol-ýörelge edinilen gadymy däpleri bar. Biziň topragymyzda gözelligi bilen tapawutlanýan ýyndam, çydamly, ynsan ýaly üşükli atlar ösdürip ýetişdirilipdir. Atşynaslyk sungatynyň ýol-ýörelgelerini, seýisçilik sungatynyň gizlin syrlaryny halypadan şägirde geçirmeklik, onuň ösüşine arkama-arka dowamat bermek ata-babalarymyz üçin berk kada öwrülipdir. At türkmeniň diňe ýaşaýyş-durmuşynyň hajatlarynyň zerurlygy bolman eýsem, halkymyz at bilen ruhy bitewiliginde hem beýik sazlaşyk tapypdyr. Atşynaslyk sungaty öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdyp, halkymyzyň bu ugurdaky baý durmuş tejribesini özüne siňdiripdir we gaýtalanmajak kämillige eýe bolupdyr. Bedew bilen bagry badaşan atşynaslarymyz köp ýyllaryň irginsiz zähmeti, seýisçilik ukyby, ussatlyk tälimleri bilen atçylygy ösdürip, kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdirler. Olaryň yhlasly gözlegleri bedewleriň gaýtalanmajak keşp we gözellik dünýäsini janlandyrypdyr. Bu ugurda ata–babalarymyzyň bedew at bilen bagly edep taglymlary, öwüt-ündewleri nesillerimiz üçin nusgalyk terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär we olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly, kämil ösüşine şert döredýär. Hut şonuň üçinem pederlerimiz bedewlerde ynsana kybap ruhy ahwalaty, onuň bilen ganybir gardaş ýaly ýakynlygy aňlapdyrlar. Bedew türkmen üçin tebigatyň doýup, hem ganyp bolmajak gözellik zynaty, adamzada mahsus ähli ajaýyplyklary özüne siňdirip, mukaddes duýgularyň tämiz, kirşeňsiz dünýäsidir. Ýaşaýşa, gözellige, geljek bagtyýarlygyna öwrülen ahalteke bedewlerimize bolan beýik söýgini nesillerimiziň kalbynda oýarmagy we olary pederlerimiziň ruhunda wagyz etmegi biz özümize mukaddes buýsanç hasaplaýarys. Çünki, behişdi bedewlerimizde hakyň nury bar.

Seýisçiligiň milli tejribesini dünýä ylmynyň bu ugurdaky ýokary gazananlary bilen sazlaşykda döwrebap usullar bilen ýaş hünärmenlere öwredilmegi, alnyp barylýan işleriň täzeçil garaýyşlara esaslanýan hil derejesini häsiýetlendirýär. Bu ýerde netijelilik ylmy çemeleşmeleriň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar we oňa ýaş alymlaryň, ylma höwesli talyplaryň işjeň çekilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ýerde maksat milli tejribäni döwrebap usullar bilen baýlaşdyrmakdan we geljek nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Ýurduň okgunly ösüşleriniň esasy maksatlaryny ylymda görýän hormatly Prezidentimiz türkmen atşynaslygynda netijeli üstünlikleriň gazanylmagynda halypa-şägirtlik däpleriniň öňden bar bolan tejribesine daýanmaklygyň wajypdygyny ündeýär. Şeýle-de türkmen atşynaslyk ylmyny ösdürmeklikde halkara ylmy hyzmatdaşlyga aýratyn orun berýär. Däp bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilýän “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly medeni baýlygy bolan bedew atlara bagyşlanýar. Şu ýerde ylym üçin juda ähmiýetli bolan we biziň döwrümize çenli saklanyp galan gymmatly maglumatlara nazar aýlanyňda, gaýry ýurtlylaryň türkmen bedewine beren ýokary bahasy seni tolgundyrman bilmez hem-de bu jümleler seni geçen asyrlaryň at bilen bagly täsin dünýäsine seýrana äkider. Ýöne biziň ýyldyrym ýaly ýyndam bedewlerimiziň şu günem öz gözellik mynasybetini dünýä ynsanlarynyň ýüreginde ýaşadýandygy aýratyn buýsançlydyr.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, biziň ýurdumyzyň mermer paýtagty Aşgabatda her ýylda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän alymlaryň, hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýän Halkara ylmy maslahata ýaş atşynaslaryň, talyplaryň çekilmegi aýratyn buýsançlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atlaryna, has takygy atçylyga bagyşlanan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ylmy ensiklopedik eserleri ylmy-maslahatda ýaýbaňlanýan ylmy pikirlere dogry we netijeli çözgüt tapmaklygyň taglymat esasyna öwrülýär. Alym Arkadagymyzyň bu kitaplary diňe türkmen atşynaslyk ylmyny däl, eýsem bu ugurdaky dünýä tejribesini gymmatly maglumatlar bilen baýlaşdyrmakda hem esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Çünki geçmişde dörän ençeme gymmatlyklarymyzyň ata-babalarymyzdan nesillere geçişi ýaly, atçylyk sungatynyň hem nesilden-nesle geçip, buýsançly zamanamyza ýetip gelşi bu gymmatly kitaplarda ylmy taglymat esaslaryň düýpli delilleri bilen öz beýanyny tapýar.

Dünýä ylmynyň ýokary tizlikdäki häzirki zaman ösüşi ähli ylym ulgamynda täzeçe çemeleşmeleriň, usullaryň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny talap edýär. Ylmy ösüş täze maksatlary, gözlegler giňişligini döredýär. Bu ýerde ýaş alymlaryň hyruçly ylmy gözlegleri aýratyn möhüm bolup durýar. Olaryň kalbynda joş urýan gurmagyň, döretmegiň, Watany gülletmegiň, onuň kuwwatly ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň hyjuwy ylmy gözleglerde netijeli üstünlikler gazanjakdygyna ynam döredýär. Ýaşlary belent maksatlara atarýan hyjuwly ylmy gözlegleriň gönükmesi dürli-dürli ugurlara degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, biz şu ýerde, ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazýan makalamyzda sizi aýratyn bir zada ünsüňizi çekesimiz gelýär. “Biz geljekde hem bedewlerimizi birjikde ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr. Ine, hut şonuň üçin hem ynsanyň we atyň söýgüsiniň hem-de dostlugynyň taryhy örän gyzyklydyr. Bu taryh 5 müň ýyl mundan öň başlanyp, häzir hem dowam edýär”. Hakykatdan-da alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bedew at sagdynlygyň simwoly. Bu jümläniň many-mazmuny bize juda kän zatlar hakynda çuňdan oýlanmaga mümkinçilik berýär. Bedew at we sadynlyk, ine şu iki beýik düşünjäniň giňişliginde ummasyz mähir, ummasyz söýgi, hormat,sarpa, iň esasysy-da adam oglunyň heniz-heniz oýlanyp açyp bilmejek ýüzlerçe syrlary bar. Şol syrlary açmaklyga we oňa çuňdan düşünmeklige ymtylmak hem-de şol ummasyz söýgini, mähri has peýdaly tarapa - ynsan saglygyna gönükdirmek ýoly ippoterapiýa ylmynyň döremegine getiripdir. Biz hem häzirki wagtda behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly ylmy gözlegleri alyp barýarys. Belki, bular barada bilmek siziň üçin gyzykly bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ylmy ösüşlere häsiýetli bolan, ylmy gözleglere dürli ugurlaryň bir bitewiliginde – toplumlaýyn görnüşde çemeleşmek usullaryny ýörelge edinmelidigini ündeýär. Ylym älemine gadam basýan her bir ýaş ynsan ýaly, meniň ylmy gözleglerimdäki maksadym “Ýurdumyzda ippoterapiýa sagaldyş merkezini döretmegiň ähmiýetini we onuň hukuk esaslaryny milli we halkara tejribesinden” ugur alyp, ylmy deliller bilen düşündirmekden ybarat bolup durýar. Ippoterapiýa – bu psihoterapiýada ulanylýan bejeriş usullarynyň biri bolup, ol atlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Lukmançylykda oňa köplenç atyň üstündäki bejergi diýilýär. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky bir-birege rehimdarlyk, düşünişmeklik, mähribanlyk ýaly ysnyşykly gatnaşyklaryň bolmagy nähoşlary bejermekligiň esasy şertidir. Gatnaşyklaryň şeýle tejribesi geçmiş pederlerimiziň at bilen bagly durmuşynyň esasy mazmunyny emele getiripdir. Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda atçylygy, atly sporty ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmegi hem talap edýär. Bu babatda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda “Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmegi bilen, bu pudagyň kanunçylyk binýady pugtalandyryldy. Şol Kanunyň 23-nji maddasynda atlary peýdalanmakda ippoterapiýanyň ulanylmagynyň görkezilmegi bolsa bu ylmy işimizi alyp barmakda esasy itergi berdi. Ippoterapiýa türkmen atşynaslygynyň milli ylmy tejribesiniň, lukmançylyk hem-de hukukşynaslyk ylymlarynyň özara utgaşdyrylmagynda amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyzda ilkinji gezek resmi taýdan ornaşdyrylmagy teklip edilýän ippoterapiýa sagaldyş merkezi Watanymyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny dikeltmeklige, ykdysady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna, şeýle-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagyna ähmiýetli goşant bolar. Bu bejerişiň alnyp barylmagynyň hukuk esaslaryny berkitmek işiň dürs ýola goýulmagyny kepillendirýär. Bu bolsa kanunçylyk ulgamynyň bu ugurdaky dünýä tejribesini düýpli özleşdirilmegini talap edýär. Biz özümiziň öwrenýän hukukşynaslyk ylmy-bilimlerimiziň netijelerine daýanmaklyk bilen bu ugurda irginsiz ylmy gözlegleri alyp bardyk. Bu ugurda zähmet çekýän halypalar, alymlar, hünärmenler bilen duşuşyp, olaryň beren peýdaly maslahatlaryny işimizde doly peýdalanyp özümize hemra edinýäris.

Milli lukmançylygymyzyň gadymy ýolunda diňe bir ösümlikler bilen däl, dürli serişdeler bilen bejermeklik hem giňden ýaýrapdyr. “Beden terbiýesi” düşünjesiniň türkmen halkynyň arasynda haçandan bäri meşhurdygy hakda gürrüň gozgalsa, taryhy ýazgylary tutaryk edinip, aýdyp boljak aýdyň bir hakykat bar: türkmeniň we onuň bedew atynyň ýatlanylýan senesinden bäri “Maşkly bejergi” usuly biziň halkymyzyň arasynda meşhurdyr. Sebäbi, ata-babalarymyz at münmegi öwrenmegiň özüni gönüden-göni beden terbiýesi diýip, kabul edipdirler. Atly gezmelemegiň, at çapmagyň iňňän uly peýdasynyň bardygyny ylmy we edebi eserlerinde ýatlapdyrlar. Mysal üçin, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy meşhur “Türkmeniň” atly şygrynda bedew ata atlananda ynsanyň kalbynda döreýän ruhy ahwalaty şeýle teswirleýär:

Göwün howalanar ata çykanda,

Daglar lagla döner gyýa bakanda,

Bal getirer, joşup derýa akanda,

Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.

Ýokarky bentdäki “Göwün howalanar” diýen jümle bedew atyň ynsana ýetirýän oňyn täsiriniň çeper sözdäki täsirli beýany hasaplamak bolar. Ata münende adamyň göwni göklere göterilip, ýaşaýyş gözelliginiň tükeniksiz giňişligine seýrana atarylýar. Ruhubelentlik, sagdyn ahwalat onuň tutuş durkuny gaplap alýar. Ine hut adam kalbynda döretmäge bolan şeýle täsirli gatnaşygy beden hassalygyny bejermeklige gönükdirmekligiň hem netijeli ugur hökmünde saýlap almaklyga mümkinçilik berýär. Şeýle bejerişe degişli aýratynlyklaryň biri diňe bir ynsanyň ruhy hassalygyny däl-de, eýsem syna ýetmezçilikleri bilen bagly hassalygynda hem ulanylmaklyga hem giň şert döredýär. Mundan başga-da, ynsan saglygyna bedew münmekligiň peýdaly täsirini gadymy grek filosofy hem-de lukmany Gippokrat: “Atly geziň, ildeşler, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!” diýipdir. Danalaryň danasy, tebipleriň tebibi Lukman hekim: “At münmek, ýaýdan ok atmak, naýza zyňmak bilen meşgul bolýan adam akyly durnukly, aşgazanynyň nahar siňdirişi kadaly we bedeni sagdyn kemala gelýär. At münmek we naýza zyňmak bilen meşgullanýan adamyň teninden der bölünip çykanda, ol der bilen dürli keseller hem çykyp gidýär. Hiç bir däri-derman bilen beýle netije gazanyp bolmaz” diýýär. Beýik lukmanyň bedew münmegiň adam saglygyna edýän oňaýly täsiri dogrusyndaky bu pikirleri biziň öňe sürýän ippoterapiýa bejergisi üçin nusgalyk tejribe bolup biler. Şeýle-de bize häzirki döwürde näsaglary bejermeklikde bu usulyň onçakly ýörgünli bolmasa-da geçmişde şeýle usul giňden peýdalanypdyr diýen çaklamany orta atmaga mümkinçilik berýär. Şunuň özi hem häzirki zaman saglyk ulgamynda ippoterapiýa bejergisiniň girizilmeginiň möhümdigi hakyndaky pikirimizi esaslandyrmaga we bu usuly giňden peýdalanmaga giňden mümkinçilik berýär. Diýmek, biziň ýurdumyzda ippoterapiýa bejerişini giňden lukmançylyk ulgamyna girizmäge ýokarda getirilen deliller özüniň durmuşa ukyplylygy we ynandyryjylygy bilen berk ynam döredýär.

Behişdi bedewler barada näçe aýtsaň aýdyp oturybermeli. Bedew at bilen bagly çeper beýan türkmen halk döredijilik eserleriniň dürli görnüşlerinde, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde uly orun tutýar. Şu ýerde milli gymmatlygymyz bolan “Görogly” şadessanyna hem ser salasym gelýär. Türkmen taryhynda özüniň seýisçilik sungaty bilen öçmejek yz galdyran ençeme şahsyýetler bolupdyr. Ine, şeýle şahsyýetleriň ýol-ýörelgesi, olaryň seýisçilik sungatyndaky ýeten beýik derejesiniň ählisi “Görogly” eposynda Jygalybegiň çeper keşbinde ussatlyk bilen janlandyrylýar. Bu ajaýyp eserde Jygalybegden Hüňkär patyşa “Näme hünäriň bar” diýip ýüzlenen sowalyna, Jygalybeg: “Atşynaslyk, seýisçilik, söweş hünärleri” diýip jogap beripdir. Egerde çeper eserler halk durmuşynyň çeper beýanaty, şöhlelenmesi bolup durýanlygy hakyndaky hakykat, türkmen durmuşynda nesil terbiýesinde atşynaslyga, seýislige, söweş hünärlerini öwrenmeklige aýratyn üns berlendigini görkezýär. Munuň özi ilkinji nobatda ýaşaýyş zerurlygyndan gelip çykýan bolsa, ikinji sebäbi halkymyzyň nesil sagdynlygyna, onuň bedenli ösüşine aýratyn üns berendigini alamatlandyrýar. Söweş hünärleri, söweşjeň ruhly halkymyzyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Söweş hünärleri her bir çaganyň onuň gyzdygyna, oglandygyna garamazdan yzygiderli öwredilipdir. Ýeri gelende aýratyn bellesek, Aziýa oýunlarynyň, “Söweş sungaty boýunça” diýip atlandyrylmagynyň çuňňur manysy halkymyzyň gadymdan gelýän höweşjeň ruhy, söweş hünärlerine ezberligi bilen hem çuňňur sazlaşyk tapýar.

Umumadamzat gymmatlygy hökmünde kabul edilen “Görogly” eposynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy türkmeniň uçar ganaty bolan türkmen bedewiniňem mertebe şöhratynyň dünýä ýaýylmasydyr. Göroglynyň “gardaşym” diýip ýüzlenýän gyr atynyň tarypy eseriň esasy mazmunyny emele getirýär. Munuň özi “Görogly” şadessanyndaky bedewe bolan höwes, seýisçilik sungatynyň aýratynlyklary hakyndaky ähli terbiýeçilik häsiýetleri şu günki berkarar döwletimiziň ýaş nesilleri üçin aýratyn gymmatlykdyr. At-bedew düşünjesi mertlik, merdanalyk, Watançylyk ýaly düşünjeler bilen beýik sazlaşygy emele getirýär. Türkmenler bedew atyny, ezizlemegi, mertebelemegi mertlikden nyşan hasaplapdyrlar. Ýeri gelende aýtsak bedewler hakynda ençeme şirin sazlaryň, goşgy şygyrlaryň bolmagy munuň aýdyň mysalydyr. Mährem enäniň hüwdüleri bilen kalba siňdirilen bu düşünjeler nesilleriň ömür dowamatynda ýaşaýşyň iň bir mukaddeslikleriniň birine öwrülipdir. Her bir okan adamda öwrenmäge, özleşdirmäge, durmuşda sapak almaga nusgalyk bu eserler halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynaky bu ugurdaky tejribesini, pähim-parasadyny özüne siňdiripdir. Elbetde atşynaslyk sungatynyň dörän, kämilleşen ojagy hasaplanýan topragymyzda bu babatda nusgalyk tejribe toplanypdyr. Şol tejribe bolsa söz gymmatlygynyň üsti bilen halka ýaýylypdyr. Hut şu eserler ýaş nesillerimiz üçin at-bedew we olara degişli aýratynlyklar hakynda gymmatly düşünjeleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Eger-de ussat seýis, atşynas öz sungatynyň inçe syrlaryny şägirdine öwredýän bolsa, bu eserler umumylykda hemmelere bu baradaky giň düşünjäni, tejribäni öwredýär.

Şu günki gün at-bedewe aýratyn üns berilýän, onuň şöhratynyň has-da ýokary göterilýän pursatynda bu gymmatly söz baýlyklarynyň gadyr-gymmaty has-da ýokary göterilýär. Olary okamak, öwrenmek, durmuşa çelgi edinmek her bir ýaş nesiller üçin parzdyr. Ýaş nesilleriň pikirlenmek ukybyny ösdürmäge, başarnygyny ösdürmäge, gymmatly we baý milli mirasymyzy söýmek, buýsanmak duýgusyny emele getirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza talyp ýüregimizdäki çäksiz alkyşlarymyz tükeniksizdir.

 

Ýolaman MÄMMEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň hukuk

öwreniş hünäriniň IV ýyl talyby.

Meňzeş habarlar