Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara hereketlerinde öňdebaryjy ähmiýeti eýeleýändir, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna we gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şert döretmek babatynda işleri alyp barýandyr. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.
1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýändir.
Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýändir. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda karara gol çekdi, oňa laýyklykda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
Bu Konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna aşakdakylar girizildi:
1. 1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy.
2. 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy.
3. 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna indikiler girizilendir: «Görogly» şadessany (2015), «Küştdepdi» (2017) türkmen milli aýdym-tans sungaty, şeýle hem «Türkmen milli halyçylyk sungaty» (2019).
Köpmilletli «Nowruz baýramy» hödürnamasyna 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Addis-Abebada (Efiopiýa) geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 11-nji mejlisiniň barşynda seredildi we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleri dowam edýär.