Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Türkmen edebiýatynda çuňňur yz galdyryp, ony dünýä tanadan akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyr ýer ýüzünde “Dünýäniň Elbrusy” ady bilen tanalýar. Akyldar Pyragynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Onuň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony “Jemşidiň jamy” bilen deňeşdirýär. Hakykatdan hem Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.
Akyldar Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýar. Şahyryň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sosial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär. Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen edebiýatynyň ösmegine goşan goşandynyň örän ýokarydygyny belli alym E.E.Bertelsiň “Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus suratda görkezýänligi manysynda edebiýata “nusgawy” edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII-XIX asyrlaryň türkmen edebiýatyna berilmelidir, ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türkmen halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Magtymguly bolupdyr” diýip, bellemegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belläp, akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň bu Karary kalbymyzda egsilmez şatlygy döredýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçilipdi. Onuň çäginde bolsa «Magtymguly — köňülleriň küýsegi» atly halkara ylmy maslahaty hem guraldy. Şeýle hem 2013-nji ýylyň maýynda Magtymguly Pyragy adyndaky bilim jemgyýeti şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýanynda döredildi. Onuň maksady dostlukly Türkiýede türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyraga degişli maglumatlary ylmy taýdan öwrenmek hem-de döredijiligini dünýä jemgyýetçiliginde wagyz etmekden ybaratdyr. Elbetde, bularyň ählisi beýik akyldaryň döredijiligine bolan hormatyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, dünýä derejesinde dabaralanýandygyny aýdyň alamatlandyrýar.
Türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçe işleri geçirdiler. 1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. 1947-nji ýylda suratkeş A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny döretdi. Şahyryň ady Türkmen döwlet uniwersitetine we paýtagtymyzdaky iň uly köçä hormatlanyp dakyldy. Aşgabatda ýerleşen şahyryň ýadygärliginiň ýanynda her ýyl poeziýa baýramçylygy geçirilýär. 2024-nji ýylda bolsa şahyryň 300 ýyllygy dünýä derejesinde uludan bellenilmek meýilleşdirilýär. Oňa halkymyz şu wagtdan ýokary taýýarlyk işlerini görýärler. Beýik ussadyň döredijiliginiň häzirki wagtda hem yzygiderli öwrenilişi, şeýle hem onuň goşgularyny UNESKO-nyň maddy däl milli gymmatlyklarynyň sanawyna girizmek baradaky alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysalydyr.
Dana şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda türkmeniň sesi bolup ýer ýüzünde ýaňlanyp geldi. Dünýä alymlary tarapyndan “Dünýäniň genisi” diýlip ykrar edilen akyldar Pyragynyň döredijiligi geljekde-de özüniň egsilmez gymmatyny ýitirmez.
Gülnar AKYLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.