YNAM – ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän nusgawy terbiýeçilik mekdebi bar. Onuň ýeňişlere alyp barýan üýtgeşik usullary sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemekde gyzyldan gymmatly baýlykdyr. Ata-babalarymyz şol usullary ýerlikli peýdalanmak arkaly ençeme durmuş synaglaryndan geçipdirler. Nesillerini bolsa ýeňişlere alyp barýan ýollara sary ugrukdyrypdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne pähim-parasadyndan syzylyp çykan birnäçe many-mazmunly kitaplary, aýdyň geljegimize rowana menzillerimiziň şamçyragydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, ýyllaryň dowamynda kämilleşip gelýän durmuş tejribeleriniň rowaýatlarda şöhlelenmegi, hut ýaş nesliň ahlak, ruhy, watançylyk terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak uly bir mekdepdir.

Bir-birinden ajaýyp durmuş wakalaryny beýan edýän rowaýatlary okanyň-da, pähim-paýhas, ugurtapyjylyk, agzybirlik, ynam, dostluk arkaly iş tutulanda adamzadyň öňünde durabiljek hiç bir güýjüň ýokdugyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Pederlerimiziň edermenligine buýsanýarsyň.

Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir rowaýaty ýatlap geçeliň:

«Meşhur serkerdeleriň biri goşunyndan on esse köp duşman ýygynynyň üstüne hüjüm etmegi ýüregine düwüpdir. Emma onuň özi ýeňiş gazanjagyna berk ynansa-da, esgerlerini lapykeç duýupdyr. Goşunyň öňüne düşüp barýan serkerde bir ýerde saklanypdyr-da, esgerlerine ýüzlenip:

– Men häzir bije atmakçy, ine şu teňňäni ýokaryk zyňaryn, ol ýere düşende, bürgüt nyşanly tarapy ýokary bolsa, ol biziň hökman ýeňjegimiziň alamaty bolar, onda hüjüm ederis. Beýleki tarapy ýokary düşse welin, ol şowlulygyň alamaty däl. Onda biz hüjüme töwekgelçilik etmeris.

Şondan soň ol teňňäni ýokaryk zyňýar. Teňňäniň bürgütli tarapy ýokaryk bolup düşýär. Esgerler şeýle bir ruhubelentlik bilen hüjüme okdurylýarlar welin, duşmanyň ummasyz leşgeri olaryň öňünde durup bilmeýär.

Söweşden soň serkerdäniň kömekçisi şeýle diýýär: «Bagtyň şowlasa on esse köp duşmany hem ýeňseň boljak ekeni? Ýeňmek-ýeňilmek ykbalyň elindäki zat-da...

Hawa, täleýe-de baglydyr, ýöne ýeňmek-ýeňilmek, esasy öz eliňdäki zat» diýip, serkerde jübüsindäki hälki teňňäni çykaryp oňa görkezýär.

Serkerdäniň elindäki teňňäniň iki tarapy hem bürgüt nyşanly eken. Görşüňiz ýaly her bir kynçylygy üstünlikli ýeňip geçmek üçin hökman öz-özüňe ynamyň bolmaly. Ynam hem agzybirlik bar ýerinde müşgil iş bolmaýar. Sagdyn ruhly ynsanlaryň hemişe ähli babatda ruhy belent, ynamy güýçli bolýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle rowaýatly mysal getirmek bilen, ýaşlarymyzyň terbiýesine öz oňyn täsirini ýetiräýjek wakada ynamyň, ruhubelentligiň, agzybirligiň belent derejelerini görkezipdir.

Häzirki ajaýyp zamanamyzda terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alnyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini utgaşykly ulanmak bilen, ýaşlaryň bilimli, ylymly, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga uly hormat goýýan ynsanlar bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Watansöýüjilik, wepalylyk, pähim-paýhaslyk, salyhatlylyk, ynam-ygrarlyk halkymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda, ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir.

Halkymyzy eşretli zamananyň gujagynda ýaşadýan, ýaşlary türkmeniň döwletlilik ýörelgesi esasynda terbiýelenmegi babatda yzygiderli alada edýän we ýaşlara nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Belent tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR