BERKARAR DÖWLETIŇ SAGDYN ÝAŞLARY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi golaýda, ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zyýanly endiklere garşy göreşi güýçlendirmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, etrabyň medeniýet merkeziniň mejlisler jaýynda “Berkarar döwletiň sagdyn ýaşlary” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa etrabyň 1-nji we 2-nji sport mekdebiniň ýaş mugallymlary, türgenleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän sporta höwesjeň ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşykda TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň wekilleri hem-de sport mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn ösmekleri, oňat bilim we hünär almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, dynç almaklary, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi, ýaşlaryň olardan ýerlikli peýdalanyp, zyýanly endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändikleri, sportda taplanýandyklary dogrusynda buýsanç bilen giňişleýin gürrüň etdiler.

Meňzeş habarlar