Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleri «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmak, başarnyklaryny ýokarlandyrmak, tomusky dynç alyş möwsümlerini has-da täsirli geçirmek maksady bilen «Ýaş zehinler saýlanýar» atly zehin bäsleşigini geçirdi. Bäsleşikde çagalar watanymyzy, ösüşlerimizi, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ajaýyp işlerini wasp edýän goşgulary aýtmak bilen bäsleşdiler. Bäsleşikde birnäçe goşgular toplumyny ýatdan bilýän çagalar öňe saýlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleriniň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar Watanymyzy bagtyýar çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Jennet ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.