TEBIGATYMYZY GORALYŇ!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşi ýakynda etrabyň 54-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Tebigatymyzy goralyň” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, ajaýyp zamanamyzda adamlaryň saglygyny goramaga, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu günki gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz bu meselä uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň Tebigaty goramak baradaky esasy Konwensiýalaryna goşuldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça  Maksatnamasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, eziz Diýarymyz tarapyndan milli we sebit derejelerinde, ekologiýa maksatnamalarynyň we sebit taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar. Daş töweregi arassa saklamak, ekologik taýdan arassa bolmagyny gazanmak her bir raýatyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar diýlip, çärede bellenip geçildi.

Meňzeş habarlar