KEREMLI TÜRKMEN TOPRAGY – RYSGAL-BEREKET ÇEŞMESI

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi “Daşoguzpagta” önümçilik birleşigi hem-de Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigi bilen bilelikde oba hojalyk işgärleriniň, ýaş kärendeçileriň hem-de bu ugurdan bilim alýan Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda, “Keremli türkmen topragy – rysgal-bereket çeşmesi” atly aýdym-sazly we “Ak altynym – ak bagtym” atly zähmet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny gurady.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň welaýat tapgyrynda “Ak altynyň ussady” ugry boýunça pagta ýygymy möwsüminde Watan harmanyna iň köp hasyl tabşyran ýaş kärendeçilerden (gektaryna iň ýokary hasyl alan) Görogly etrabyndan Nursoltan Sazakowa 1-nji orna, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndan Ulugbek Saparmedow 2-nji orna, Gubadag etrabyndan Gündogdy Tätiýew 3-nji orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň “Ökde kombaýnçy” ugry boýunça pagta ýygymy möwsüminde pagta meýdanynda iň köp pagta ýygan kombaýnçylardan Görogly etrabyndan Gündogdy Baýramow 1-nji orna, Boldumsaz etrabyndan Yhlas Hojaýew 2-nji orna, S.Türkmenbaşy etrabyndan Döwrangeldi Atjanow 3-nji orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

 

Selbi ŞAMYÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar