Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde medeniýet merkezinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan bellenilip geçiriljek ýyly mynasybetli «Ýylyň şygary-köňülleriň çyragy» ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Çärede il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler hem-de TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň işjeň agzalary çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän ýörelgeler täze taryhy döwrümizde has-da rowaçlanyp, güneşli ülkämiz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.
Soltanmyrat ALLABERENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.