KITAP-GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Kitap-gymmaty egsilmejek hazyna» atly şygar astynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýandygyny, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak»ýylynyň 24-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda karara gol çekendigini, bu hoş habar kitaphana işgärlerini täze üstünliklerine ruhlandyrandygyny, has-da döredijilikli işlemäge uly itergi berendigini, bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmekden, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini ösdürmekden, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygyny, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, onuň kämilleşmeginde kitabyň, kitaphanalaryň ornunyň uludygy, häzirki wagtda kitaphanalaryň gaznasynda bar bolan elektron kitaplaryň kataloglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýändigini, olaryň arasynda milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleriniň elektron nusgalarynyň bolmagy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr diýip giňden aýdyp geçdiler.

Parahat SABIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň

Gubadag şäher bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Iýul 2025 | 0 okalan

BAGTA BESLENÝÄN ÝYLLAR

10 Iýul 2025 | 0 okalan

KITAP-GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA

08 Iýul 2025 | 39 okalan

WATANÇY ŞAHYRY ÝATLAP