MILLI TERBIÝÄNIŇ GÖNEZLIGI

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, edara-kärhanalarda, bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda, “Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Wagyz-nesihat ýygnagy Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de bilim edaralarynyň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň jogapkärçiligini artdyrmak, ýokarlandyrmak, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek maksady bilen geçirildi. Çykyşlarda bellenip geçilişi ýaly, ynsanda bar bolan ýagşy sypatlaryň ählisi maşgalada ýüze çykýar, ösýär, özgerýär, şonuň üçin maşgala terbiýesi, ondaky başlangyçlar ynsan ömrüniň bütin dowamynda möhüm orny eýeleýär. Täze gurulýan jaýyň binýadynyň berk bolmagy onuň mäkäm, mizemez bolmagyna getirýär. Maşgala terbiýesi hem edil şonuň ýaly berk bolýar. Görelde – terbiýäniň özeni, onuň hamyrmaýasy, şonuň üçin hem çaga maşgala göreldesine eýerýär we kämil bolýar diýlip, bellenip geçildi.

 

Parahat SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Gubadag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar