TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, golaýda, etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Arkadagyň paýhasyndan Ak ýollara rowan Watan” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýaş nesilleriň arasynda ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny wagyz etmek, şeýle-de, olary ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirildi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, bular dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

***

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäher Geňeşi, şäheriň 7-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda, “Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäher Geňeşi, Köneürgenç şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat çäresini geçirmegiň maksady ýaş nesilleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, ruhynda terbiýelemeden ybarat boldy.

***

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 13-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda, “Bilimli, beden taýdan sagdyn ýaşlar – ata Watanymyzyň geljegidir” atly şygar astynda wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Ýygnagyň esasy maksady ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekden, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny, şeýle-de, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýygnagyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladalar, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi babatynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Bu çykyşlar ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

Meňzeş habarlar