BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY DA­ŞA­RY ÝURT MET­BU­GA­TYN­DA

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da il­kin­ji ge­zek ge­çen Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my, umu­my gym­mat­lyk­lara esas­lan­ýan hem-de umu­my mak­sat­lar we we­zi­pe­ler bi­len ut­gaş­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daşlyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek üçin gel­je­gi uly bo­lan gi­ňiş­li­gi dö­ret­di. Örän mö­hüm we ähmi­ýet­li wa­ka öw­rü­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň di­ňe bir se­bit­de däl-de, bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma eýe bo­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, onuň işi da­şa­ry ýurt­ly köp­çülik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­leri­niň köp san­ly­sy ta­ra­pyn­dan giň­den be­ýan edil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň we daşa­ry ýurt­la­ryň met­bu­gat habar­la­ryn­da bu fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bä­şi­si­niň hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li hyzmat­daş­la­ryň ne­ti­je­li gat­na­şykla­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­re, fo­ru­myň we­kil­çi­lik­li de­re­je­si­ne, on­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra we gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ra hem-de onuň çäk­le­rin­de ge­çen çä­re­le­re üns çe­kil­ýär.

Bir­nä­çe döw­let­le­riň met­bu­gat we elekt­ron ne­şir­le­rin­de, köp ­san­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça goň­şy ýurt­lar bi­len­-de, beý­le­ki da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hem kö­pu­gurly hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ösdür­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär.

Bri­ta­ni­ýa­nyň «BBC», «London­post», «Ener­gyvoice», «Thisis­mo­ney» we beý­le­ki ne­şir­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar deň­zi­niň ener­ge­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le bol­dy. Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň örän baý gor­lary­nyň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­magy ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ryň, şeý­le hem ser­het­deş döw­let­le­riň milli yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň ok­gun­ly we hil taý­dan ös­me­gi­ne güýç­li ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­ny ber­meli­dir, tä­ze önüm­çi­lik­le­riň, sena­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin şert­le­ri dö­ret­me­li­dir.

«Dai­ly Sa­bah» in­ter­net seriş­de­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ha­zar deň­zi­niň ener­gi­ýa­sy­nyň se­bitiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ösü­şi­niň bin­ýa­dy bol­ma­ly­dyr di­ýip aý­dan­la­ry­ny söz­me-söz ge­tir­ýär.

Eý­ra­nyň «Teh­ran Ti­mes» gaze­ti, «Mehr News Agency», «Iran Press», «IRNA» ha­bar­lar agent­lik­le­ri we köp san­ly por­talla­ry Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň geçi­ril­me­gi­niň, on­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň iş ýü­zün­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. 60-a go­laý res­mi­na­ma gol çe­kil­me­gi Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň iki­ta­rap­la­ýyn du­şuşyk­la­ry­nyň jem­le­ri bol­dy, şeý­le hem dür­li ýurt­lar­dan hyz­matdaş­lar bi­len gel­jek­de gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek we hyz­mat­daş­ly­gy ýola goý­mak üçin esas go­ýul­dy.

Azer­baý­ja­nyň «Trend», «Azer­taj», «Azer nýus» we beý­le­ki internet-köpçülikleýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hem foru­myň se­bit­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn söw­da gat­na­şykla­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Fo­ru­ma hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt işe­wür­ler dü­züm­le­ri­niň, iri ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­la­ryň we gaz­na­la­ryň, şeý­le hem yk­dysa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da ula­nyl­ýan dür­li en­jam­la­ry we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň hem-de ge­ti­riji­le­riň 2100-den gow­rak we­ki­li gat­naş­dy.

Ga­za­gys­ta­nyň «Ka­zin­form», «In­ter­faks Ka­zahs­tan», «Ka­zah taýms» we beý­leki ne­şir­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­denti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Ga­za­gys­ta­nyň Premýer-ministri As­kar Ma­mi­niň Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gy­na uly üns berdiler.

Rus­si­ýa­nyň «TASS», «RIA-No­wos­ti», «Wes­ti», «ga­ze­ta.ru», «MIR-24», «regnum», «Kom­so­mols­ka­ýa praw­da» we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­rişde­le­ri Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my ba­ra­da­ky söz­ba­şy­la­ry ýygy-ýygydan ýer­leş­dir­di­ler hem-de bu fo­ru­myň aç­ýan müm­kin­çi­likle­ri ba­ra­da ýaz­dy­lar.

Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Ast­ra­han ob­las­ty­nyň met­bu­gat se­rişde­le­ri hem Awa­za­da gu­ra­lan çä­re­le­ri giň­den be­ýan et­di­ler.

­Şeýle hem Bolgariýanyň köpçülikleýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri — «Focus News Agency», Bol­gar mil­li ra­dio­sy, «Bol­gar te­leg­raf» agent­li­gi we beýle­ki­ler fo­ru­ma uly gy­zyk­lan­ma bildir­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Bol­ga­ri­ýa Res­pu­bli­ka­sy­nyň Premýer-ministri Boý­ko Bo­ri­so­wyň du­şu­şygyn­da, şol san­da ne­bit­gaz ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Hy­ta­ýyň «Sin­hua» agent­li­gi hem Hazar­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly gel­je­gi­ni belledi.

Hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň bu şan­ly wa­ka uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­me­gi hem-de onuň da­şa­ry ýurt­la­ryň ha­bar be­riş se­riş­de­le­rinde giň­den be­ýan edil­me­gi Ha­zar yk­dysa­dy fo­ru­my­nyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daşly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi ugur edin­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Dün­ýä met­bu­ga­tyn­da fo­ru­myň işi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­lip, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň Ha­zar se­biti­niň yk­ba­lyn­da tä­ze tap­gy­ry aç­ýan­dy­gy ba­ra­da umu­my pi­kir­ler öňe çyk­ýar.

“Nesil” gazeti,

17.08.2019ý.