OGULBAÝRAM KULYÝEWANYŇ «DÜÝE MALY – DÜNÝE MALY» KITABYNDAN

Düýäm – dünýäm

Gadymy hem müdimi türkmen halky ata-baba özüniň durmuş-ýaşaýşyny malsyz-garasyz göz öňüne getirmändir. Şonuň üçin «Malym – janym» diýipdir. Maldarçylygy ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr.

Maldarçylyk pudagynda düýäniň aýratyn orny bar.

«Düýe gadymdan türkmeniň öz maly» diýlişi ýaly, düýäniň türkmen topragynda gadymdan bäri bakylyp-idedilip gelýän maldygy ýörite taryhy maglumatlara salgylanylyp ykrar edilýär: «Namazgadepeden tapylan düýe süňklerinden çen tutup, alymlar Türkmenistanyň çäginde düýäniň baryp alty müň ýyl öň hem bolandygyny, onuň iş maly, ulag hökmünde ulanylandygyny kesgitlediler.

Türkmen Beýik ýüpek ýolunyň agyr menzillerini arwanaly kerwenleri bilen geçipdir...»

Hawa, ata-babalarymyz «Düýäm – dünýäm», «Düýe maly – dünýe maly» diýipdirler. Düýe düşbi, duýgur, akylly, agyr ýükleri göterýän, uzak ýollary geçýän, sowuga, yssa, suwsuzlyga döz gelýän güýçli mal. Düýesi bolan maşgala gurply eklenip bilipdir. Düýesi bolan baý hasaplanypdyr. Düýeli maşgala ýörite tebibi bar ýalydyr. Çünki, düýe süýdi, düýe çaly, agarany, süzmesi, doýrany jana ýokumly, derde şypaly.

Düýäniň ýüňi-de gymmatly, peýdaly we şypaly. Düýäniň ýüňünden edilen ýorgany ýapynyp, adamlar rahat ýatýarlar. Düýäniň ýüňi ýaman gözlerden goraýar. Şonuň üçin türkmen zenanlary düýe ýüňünden egrip, her dürli owadan alajalar işip, örüp, öý bezeglerine, öz boýunlaryna, geýimlerine, saçlaryna dakýarlar, dürli reňkli ýüplerden goşup, çagalara guşak örýärler, sallançak bagyny işýärler. Düýäniň ýüňüni ýa-da örülen görnüşini hasa gaplap, agyryly ýere daňsaň şypa tapýaň. Düýäniň ýüňünden ellik etseň, egniňe islendik görnüşde uzynly-gysgaly, ýeňli we ýeňsiz gursakça örüp geýseň, saglygyňa peýdaly. Düýäniň ýüňünden türkmen zenany biline bilguşak dokaýar. Ini bir garyş, boýy bile üç gezek aýlanýan bu bilguşak nagyşly we nagyşsyz görnüşde inçe egrilip, syk dokalýar. Bu guşak bile kuwwat, gaýrat, agyryňa şypa berýär. Zehin eleginden geçirip, çeper elleri bilen dokan mamalarymyz, ejelerimiz, gelnejelerimiz bilguşagyny, uzak ýollara gidenlerinde, agyr işler edenlerinde guşanyp, onyň nusgasyny biziň şu günlerimize nesilme-nesil geçiripdirler.

Türkmen zenany namazlyk dokanynda-da, namazlygyň sežde edilmeli ýerine düýe ýüňünden edilen ýüpden nagyş çitýär, keçe görnüşli namazlygyň sežde edilmeli ýerine düýe ýüňünden nagyş salýar. Bu bolsa Muhammet pygamberiň ýelmaýasynyň çöken ýerinde Käbäniň gurulanlygy we namaza «Alnym-Käba» diýip durulýanlygy bilen baglydyr.

«Muhammet pygamberiň ömür beýany» kitabynda aýdylyşyna görä, «Ynsan ýaly duýgur Kaswa atly ýelmaýa Kaswa şäheriniň merkezine, ozalynda metjit salmagy niýetlän ýerine gelip, ýokardan edilen buýruga görä çöküpdir. Ýelmaýanyň çöken oýy ýaýbaň käliň ortasyndaky giň meýdança eken. Ýelmaýanyň çöken ýerinde tizden metjidiň gurluşygyna başlanýar»

«Düýäniň üstüne werziş bolan adam üçin şondan gowy ulag ýok. Diňe düýäniň ädimine goşup, öňe-yza yranyp gitmäni öwrenmeli, şoňa endik etmeli. Şonda hol gözýetimdäki zatlaram aýyl-saýyl görnüp, alysdaky daglaram. eliň aýasyna gelip barýandyr. Düýäniň üsti ukyňy tutdyrmaz-da, gaýtam, köňlüňe aramlyk berer, oňat pikirler etdirer, goşgy okatdyrar, aýdym aýtdyrar» diýlip ýene şol kitapda aýdylýar.

Düýe ýüňi mukaddes saýylýar, ondan saçak dokalýar.

Türkmenler düýäniň ýüňüniň-de gudratlydygyny bu janawara hormat goýmak bilen gürrüň berýärler.

Ýaşlygyndan köp görgüler görüp, soňra-da päk zähmetinden rysgal-döwlet tapan sagdyn, salykatly, görmegeý hem mähirli Ogulnyýaz eje: «Düýäniň özüniň hem, ýüňüniň hem gudratyny gördüm – diýip, şeýle gürrüň beripdi. – Ol ýyllar gyrgynçylyk ýyllary hökmünde ýadymda galdy. Bäş-alty ýaşly, gulpaklyja çagadym. Birdenem tutuş obamyz top okuna tutuldy. Biziňkileriň hemmesi ölüpdir, diňe ejem ikimiz diri galypdyrys. Biziňem başymyzy gutarjak bolup azara galyşymyz teý ýadymdan çykanok. Ejem ýöremäge-de ýaranokdy. Garaňkylykda nirä barýanymyz hem belli däldi. Töwerege garanjaklap, dalda isläp, kän oturdyk. Birdenem meniň gözüme örän uzakda ýanýan oduň ýagtysy göründi. «Ýa, Biribar, özüň kömek et» diýip, bukudyp hem büküdip oda tarap ýöräp ugradyk. Biz öňe ýöredigimizçe, şol ot kiçelýärdi. Bizem şol ot sönäýmäkä ýeteli diýip, ädimimizi barha çaltlandyrýardyk. Golaýlaşdygymyzça, ýaňky ýagtylyk ýitdi-de, uly bir gara zada öwrülip gitdi. Baryp görsek, bu bir çöküp oturan düýe eken. Biz düýäni maňlaýymyza sylyp, ýüzünden, boýnundan sypalap, ýanynda oturdyk, hamsykdyk. Ata-babalarymyz aýdypdyr: «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna». Biz düýä mündük welin, düýe turup gidiberdi. Düýe ýöräp-ýöräp, ahyry şähere baryp, aýak çekdi, ýöne çökmedi. Biz: «Çök, janawar, çök» diýip, düýäni çökerdik. Adamlardan dag arasyndaky obalary salgy aldyk-da, ýene düýä atlandyk. Düýe bizi Pürnüwar obasyna eltdi... Ine, şeýdip şu obada galyberdik. Işledik, päk zähmetimizden rysgal-döwlet tapdyk...»

Bir gelin düýe maly bilen bagly gören düýşi barada täsin gürrüň berdi: «Menem il arasynda düýe maly barada peýdaly, şypaly, rysgally, şirin söhbetlerden ugur alyp, düýe ýüňünden ýorgan edineýin diýip, ýorganlyk düýe ýüňüni satyn aldym. Ony ýuwup, arassalap, timarlap, daşyna-da ýukadan näzik ýüpek matadan tikip, syrap, ýorgan edindim. Ol diýseň ýeňil, ýumşak, pöwşülläp duran owadan hem ýakymly ýorgan boldy. Yhlas bilen edinen ýorganymy ýapynyp ýatdym. Gije düýşümde ýorganym alowlap duran ot bolup ýandy. Men gorkymdan ýaňa, düýşümem hiç kime aýtman, soň şol ýorganymy bazara çykardym...»

Belki-de, ol gudrat düýe malynyň örä gidende-de, ýatagyna gelende-de gündizine Gün şöhlesinden, gijesine Aý ýagtysyndan bol-elin süňňüne siňdirip, güýç-kuwwat alyp, ýüňüne-de altynsow reňki çaýyp bilýänligindendir. «Düýe – döwlet, ýüňi – gudrat» diýipdirler.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR