GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ESERINDEN

Hakyky adam, Hakyň söýen ynsany nähili bolmaly? Ynsan Zeminde peýda bolaly bäri munuň jogaby gözlenilýär.

Meniň şeýle diýesim gelýär: hakyky ynsan Hakyň söýen ynsanydyr. Ol özüne erk edýändir. Zyna edýän däldir. Sözünde tapylýandyr. Amanada kast edýän däldir. Boş we peýdasyz zatlardan ýüz öwürýändir. Sabyr edýändir. Şükürlidir. Tobalydyr. Hiç wagt öte geçýän däldir. Gahar-gazaba berilýän däldir. Adamlary bagyşlaýandyr. Gysgançlyk etmez, emma isrip hem etmez. Özüni gowulyga tutýandyr, ýamanlygy terk edendir. Gybat etmez. Agyr söz urmaz. Görmedigine ynanmaz...

Aýtsaň, aýdyp oturmaly. Şeýle tämiz görelde, gyşarnyksyz ýörelge, beýik parasat müňýyllyklaryň jümmüşlerinden gelýändir, diniň, ýol-ýörelgäniň hem özenine siňendir, Magtymguly ýaly beýik akyldarlaryň eserlerinde hem aýdyň şöhlelenýändir. Hut şolar hem häzirki günlerimiziň görüm-göreldesini, edep-terbiýesini, ýol-ýörelgesini, päkize ahlagyny düzýändir, ähli gowy işlerimiziň esasynda durandyr.

Şu ýerde men gadymyýetden gelýän parasatly sözüň biziň günlerimizde hem hiç ähmiýetini ýitirmändigine, gaýtam, ýaşaýşa çelgi bolup lowurdap durandygyna käbir mysallary getireýin. Gadymy Oguz-Orhon ýazgylarynda duş gelýän «Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer» diýen nakylyň manysyny tirip görüň! Şeýle pähimler gadymy türkmen topraklaryndan beýleki ülkelere aralaşyp, başga medeniýetlere galtaşyp hem, goşulyşyp hem hiç mahal, hiç ýagdaýda öz manysyny, çeperçilik gymmatyny gaçyrmandyr. Ýa-da ata-babalarymyzyň has gadymy durmuşynda-da, ýaşan ähli döwürlerinde-de şol bir gymmatyny saklap gelen sahylyk, zady zaýa etmezlik ýaly düşünjeler hakynda aýdaýyn. «Oguznamalardan», «Gorkut atadan» biz bular hakynda bilip bileris. Yslam hem şuny ündeýär. Magtymguly:

Kyýamat güni jomarda

Dowzahdan zyýan ýetmezmiş –

diýip, şol gadymy, telim dinleriň, ýörelgeleriň içinden geçip, ýitmän ýaşap gelen pähimi öz beýik sözüne ýugrup aýdypdyr. Jomartlyk etmek, emma isrip etmezlik hakynda-da şuny aýdyp bolar. Halkymyz isrip etmegi berk ýazgarýar. Halkymyzda: «Isrip – haram» diýen söz bar. Görnüşi ýaly, gadymyýetiň pähim-parasaty şu günki we uzak geljegi nazarlaýan maksatlarymyz bilen sazlaşyp, bitewi milli ýol-ýörelgämizi düzýär.

Şeýlelikde, milli kada-kanunlarymyz, döwletliligimiz bilen bagly, biziň bütin dünýäde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşleri bilen bagly hökman aýtmaly sözlerim bar. Şonuň üçin bu kitaba milli ýol-ýörelgämiziň, däp-dessurlarymyzyň, dinimiziň kökleriniň juda çuňdugy, has gadymy döwürlerden gaýdýandygy baradaky pikirlerimi girizdim. Dünýewi döwletimizde milli ýol-ýörelgämizi gaýtadan dikeldýändigimiz, berkidýändigimiz, juda aýawly, päkize saklaýandygymyz, ruhy gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň belentdigi baradaky garaýyşlarymy beýan etdim.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR