OKAMAK HEMIŞE GEREK

Käteler ýaşaýyş üçin ilkinji zerur zatlary ýatlaýarlar: howa, suw.., galan ähli zatlar bulardan soňa goýulýar. Emma şol zerurlyklaryň hataryna goşulmaga mynasyp ýene bir zat bar, oňa Kitap diýilýär. Tehnikadyr tehnologiýanyň hernäçe ösýändigine garamazdan, kitabyň ornuny tutup biljek başga bir gymmatlyk ýok. Okamak – aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýäsi giň, ruhy belent, ýüregi kararly bolýar. Onsoňam, her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar, ýogsam şol kitap öňem öwran-öwran okalan bolaýsyn, her gezekde «bäh» diýdirýän täsin bir zadyň, jümläniň, paýhasyň, durmuş wakasynyň üstünden barýaň. Okasaň, köňül gözi ynjalykly, göwün mädäň dok bolýar. Onsoňam, okamak kär-hünär dannaýan zat däl, haýsy ugurda zähmet çekip, der dökýän bolsaňam, iňňän gerekli zat.

Öz zähmet çekýän ugruňda kämilleşmek üçinem hökman okamaly. Sebäbi adamyň ruhuny kitap okamakdan üzňe göz öňüne getirip bilemok. Körpeligimizden gulagymyza guýlan pentleriň biri hem elmydama okamakdyr.

Türkmenler owaldan okumyş halk. Diňe kitaby köp okaýan halklar dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýär. Munuň şeýledigine taryh şaýat. Gadymy Merw, Köneürgenç, Dehistan, Abiwerd, Nusaý, Amul, Merwerud, Sarahs ýaly ýerler özleriniň baý kitaphanalary bilen meşhur bolupdyr. Türkmen alymlary has köp kitap okamakda, olary ýatdan bilmekde juda ezber eken. Taryh kitaplarynda şeýle hakykat öwran-öwran teswirlenýär. Bir mejlisde gürrüňden gürrüň çykyp, Ymam Şapygy hakda söz açylypdyr. Şonda alymlaryň biri Ymam Şapygynyň ýatkeşligine haýran galypdyr. Sebäbi Ymam şapygy 300 jilt kitaby ýatdan bilýän eken. Adamlar Ymam Şapygy hakda eşden gürrüňlerini ýatlap, ony öwüp, taryplamaga başlapdyrlar. Şol wagt çüňkde oturan, ýönekeý geýimli biri: «Ol meniň ýatdan bilýänimiň diňe zekat bölegini bilýän eken» diýipdir. Mejlisde oturan adamlar muňa haýran galypdyrlar. Hiç kim bu ýigidiň sözüni inkär edip bilmändir.

Ol ýigit öz ildeşimiz Ahmet as-Sarahsy eken. Ol şol wagt on dört müň jilt eseri ýatdan bilipdir. Ine, türkmeniň kitaphonlugy şeýle bolýar.

Ähli döwürleriň iň gyzykly we arzyly zady – okamak. Kitap okamaga endik eden adam sähel maý tapdygy kitaba göz aýlap başlaýar. Aslynda kitaby köp okamaklyk türkmeniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri. Orta asyrlarda ýaşan we apbasy halyflarynyň köşgünde işlän türkmen alymlarynyň biri hemişe ýanynda kitap göterer eken. Onuň kitaphonlygy nakyllara öwrülmegi başarypdyr.

Mundan müň ýarym ýyl gowrak ozal ýaşap geçen arap şahyry Al-Mütenebbiniň «Dünýäde atyň üstünden gowy tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýen sözleri hiç wagt ähmiýetini egismeýän paýhasly we ganatly jümleler bolup, dünýäni aýlanýar. Kitap ýanyňdan aýrylsa-da, hiç wagt ýadyňdan aýrylmaýan keramat. Kitabyň nämedigini aýratyn düşündirip oturmak, belki, zeruram däldir. Ol nähilidir bir söz bilen subut edilmezden, öz-özünden düşnükli hakykat. Kitap, şeýle seretseň, içi many-mazmunly sözler, suratlar we maglumatlar bilen üpjün edilen hazyna. Ol biziň durmuşymyzda dem alýan howamyzdan, gündelik azyk-owkatymyz bolan çörekdir suwumyzdan soňra iň esasy zerurlyk bolup durýar. Sebäbi ýaşaýşa düşünmegiň we öňe ilerlemgiň, ösüşiň özeninde ylym-bilim ýatyr. Ylym-bilimi bolsa kitaplar arkaly has özleşdirip bilýäris. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Okamak bize hem geçmişi, hem şu günümizi, hem-de geljegi öwredýär. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.

Ynsan bolsaň, okamaly. Gadymy gündogar akyldarlarynda «Üç günläp kitap okamadyk adamyň ruhy gurum baglap başlar» diýilýär.

Kitaphonlyk türkmeniň ganyna siňen häsiýet. Halkymyzyň buýsançly geçmişinde hem kitaba goýulýan hormat-sarpanyň belent bolandygyna akyl ýetirip bolýar. Türkmeniň ady agzalan ýerde kitap bilen bir ruhy bitewiligiň bardygy belli. Bir kitaba düýesini çalşan Welmyrat aga, yzynda bazardan sowgat-salamly geler diýip, çagalaryň göz dikip oturandygyna garamazdan, ähli üzümlerini bir kitaba çalşan Anna aga ýaly pederlerimiziň nurana keşbi muňa mysal. Kitaplaryň üsti bilen adamlary, durmuşy, dünýäni tanap, öwrenip bolýar. Taryhy öwrenip, şu günüň gadyr-gymmatyna düşünip bolýar. Geljegiň arzuw-maksatlaryny aýdyňlap, kesgitläp bolýar.

Ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinde gaýta-gaýta tekrarlanýan nesihatlaryň biri hem kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Täze kitaplaryň yzygider peýda bolýandygyna garamazdan, özüňi gyzyklandyrýan we maksadyňa tekge boljak şol bir kitaby öwran-öwran okamak hem aýratyn nygtalýar. Sebäbi, her gezekde her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar. Ussat alymlar kitap okamagyň berýän birnäçe peýdalaryny belläp geçipdirler. Olar, gysgaça, şulardan ybarat :

1. Kitap okamaklyk ýürege ornaýan was-wasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýyrýar.

2. Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär we hereketleriňde nähaklyk etmekden saklaýar.

3. Kitap okaýan wagtyň bikär, işýakmaz adamlardan çetde bolýarsyň. Wagtyňy haýyrly zatlara sarp edýärsiň.

4. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar. Sözlerde sakynyp-säginmekden saklap, çeperlik we şirinlik çaýýar.

5. Kitap okaýan adamyň akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar.

6. Kitap okaýan adam bilime baý bolup, ýatkeşligi we düşünjesi ýitileşýär.

7. Kitap okasaň, ynsanlaryň tejribelerini, hekimleriň hikmetlerini, alymlaryň ylymlaryny öwrenip we özleşdirip bolýar.

8. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar.

9. Kitap okamaklyk akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan, wagty bimany geçirmekden (zaýalamakdan) saklaýar.

10. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.

Kitap okamagyň ähmiýeti-peýdasy, täsiri we bereketi hakda aýdylan pendi-nesihatlar örän kän. Okumyş adamlar onuň täsirini öz durmuşlarynda anyk we aýdyň duýýarlar. Akyldarlaryň aýtmagyna görä, kitap okamagyň bereketi arkaly wagty bilen bitmeýän işleriňiziň çilesi çözülip, dessine ugrugar. Durmuş menzillerinde ruhubelent, ynamly we maksada okgunly hereket etmek üçin, bagtyň hakyky lezzetini duýup ýaşamak üçin bir netijä gelip bolýar. Munuň üçin hemişe okamak gerek.

 

Rahmet GYLYJOW.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR