Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Milli aşpezlik däp-dessurlaryny ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek we olaryň häzirki zaman dünýäsi üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir.
IÇÝAG DOLAMASY
Süňklerden kesilip aýrylan eti et üweýjiden 2 gezek geçirmeli, ownuk dogralan düýp sogan, duz, hoşboý ys we tagam beriji zatlary, sarymsak goşup gowy garmaly. Farşdan 60–70 gram agramdaky şöhlatlary ýasamaly we taýýarlanyp goýlan içýagynyň perdesine dolamaly.
Şöhlatjyklary saja salyp, gapagyny ýapmaly we taýýar bolýança bişirmeli. Äberilende üstüne ownuk dogralan gök ot sepmeli. Islege görä gök önüm işdäaçarlary bilen äberilip bilner.
Taýýarlamak üçin 1 kilogram ete 3 düýp sogan, 4-5 sany sarymsak dişi,gök ot, içýagyň perdesi, duz, hoşboý ys we tagam beriji zatlar gerek bolýar.
ÜZÜM ÝAPRAGYNDAN TAÝÝARLANYLAN DOLAMA
Üzümiň täze ýapragyny ýuwup, gaýnan suwa batyryp almaly, soňra oňa taýýar bolan dürüşdäni uzyn ýa-da togalak görnüşde dolap, ýagly çorbada bişirmeli.
Dürüşde: malyň etini, sogany üwemeli, duz, burç, gaýnadylan tüwi goşup garmaly.
Taýýarlamak üçin 80 gram et, 1 sany sogan, 20 gram tüwi, 15-16 sany üzüm ýapragy, islege görä duz we burç gerek bolýar.