TÜRKMEN HALK NAKYLLARYNDA GAHAR HAKYNDA

Gahar – garradar, gülki – ýigdelder.

***

Gaharyny ýuwdan batyr.

***

Gahar – iniden, bagyşlamak – agadan.

***

Gahar – şeýtan.

***

Gahar – gaçar, öýke – öçer.

***

Gahar geler – ýüz saralar, gahar gider – ýüz garalar.

***

Gahar öňden ýörär, akyl – yzdan.

***

Gaharjaň tiz garrar.

***

Hoş söz gahary ýeňer.

***

Gaharyň emi sabyr.

***

Batyr – uruşda, dana – gaharda, dost – horlukda tanalýandyr.

***

Adamyň gahary – ýylanyň zäheri.

***

Akyl – dost, gahar – duşman, soňy – puşman

***

Başy gaharlynyň akyly dabanynyň astynda.

Meňzeş habarlar