BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ BAKJA-BAGY

Durmuşymyzyň güli bolan çagalar biziň geljegimizdir. Geljek hakynda, şol sanda ähli umyt-arzuwlarymyz bilen baglanyşykly ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada etmek bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelge häzirki wagtda giň many-mazmunda ösdürilip hem baýlaşdyrylyp mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalyp alynmagynyň we döwrebap terbiýelenmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagydyr.

Ýurdumyzyň deňiz derwezesi hasaplanýan bu şäherde häzirki wagtda çagalar bakja-baglarynyň jemi 32 sanysy bar. Gürrüňi edilýän 32-nji çagalar bakja-bagy şolaryň iň gowularynyň biri hasaplanýar. Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäherinden awtoulagda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna barýarkaň uly ýoluň sag tarapyny ýakalap oturan bu çagalar bakja-bagy binagärlik taýdan-da, dürli agaçlary gök öwsüp oturan, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary öz içine alýan giň howlusy bilenem nazaryňy, ünsüňi özüne çekýär. Bu mekdebe çenli çagalar edarasynyň diňe bir daşky we içki gözelligi bilen däl, eýsem, terbiýeçilik işleriniň guralyşy hem-de alnyp barlyşy taýdan-da nusgalykdygyny turuwbaşdan bellemek gerek.

2017-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen we Baýramgül Taýçaýewa tarapyndan müdirlik edilýän bu çagalar bakja-bagynda häzirki wagtda 16 topar bolup, olarda körpeleriň 450-si terbiýelenýär. Şol bagtyýarlaryň bagt bagynda olaryň döwrebap terbiýelenmegi, sagdyn ösüp ulalmaklary üçin zerur şertler döredilipdir. Giň hem arassa otaglar, kompýuter otagy, aýdym-saz otagy, sapak geçilýän, iňlis we rus dilleri öwredilýän otaglar, ýörite howuz olaryň hyzmatynda.

Bu ýerde çagalaryň wagtynyň hoş geçmegi, döwrebap terbiýelenmegi üçin terbiýeçileriň 24si, terbiýeçileriň kömekçileriniň 16-sy zähmet çekýär. Çagalar bakja-bagynyň müdiri Baýramgül Taýçaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol göreldeli zähmet çekýän terbiýeçileriň hatarynda ilki bilen Şemşat Gurbangylyjowany, Gunça Gylyçtaganowany, Hurmagözel Sarybekowany, Gülnabat Beýneşowany, Bahargül Bekdurdyýewany atlandyrdy.

Çagalar bakja-bagynyň ýörite usuly otagy bolup, ol degişli derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bakja-bagynyň müdiri-de, terbiýeçi-usulçy Gurbanbike Myradowa hem terbiýeçileriň öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekleri we öz iş usullaryna ornaşdyrmak bilen hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri barada aladalanýarlar. Bu babatdaky tagallanyň ýerine düşýändigini «Gyzyl güljagaz» atly kiçi bag toparynyň terbiýeçisi Gunça Gylyçtaganowanyň iş tejribesiniň şäher möçberinde öwrenilýändigi hem-de onuň 2021-nji ýylda döwlet derejesinde geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginde ikinji orny, şeýle hem çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Maýagül Tuwakowanyň döwlet derejesinde geçirilen «Göreldeli aýdym-saz ýolbaşçysy» bäsleşiginde ikinji orny eýelemekleri-de tassyklaýar.

Türkmenbaşy şäheriniň bu göreldeli çagalar bakja-bagynyň işgärleriniň zähmetiniň ýerine düşýändigini terbiýeçilik edarasynyň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Ýaşyl yşyk» bäsleşiginde welaýatda ikinji orny, şol ýylyň noýabr aýynda geçirilen «Bagy-bossanlyga beslenen çagalar bagy» bäsleşiginde bolsa ýurdumyz boýunça ikinji orny eýeländiginiň mysalynda hem subut etmek bolar.

Çagalar bakja-bagynyň işgärleri diňe bir körpeleriň wagtynyň hoş geçmegi barada aladalanman, eýsem, olaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge hem ähmiýet berýärler. Bu ýerde çagalaryň goşgyny ýatdan aýdyşlaryny, tans edişlerini göreniňde, rus we iňlis dilleri boýunça öwrenenlerine göz ýetireniňde olara guwanjyň has-da artýar. Çagalar bakja-bagynyň müdiri B.Taýçaýewa özleriniň ozalky terbiýelän körpelerinden 2021-nji ýylda Nurana Arazowanyň «Saýrak bilbiller» atly bäsleşikde welaýatda baş baýraga, Arslan Agaýewiň «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşikde iňlis dilini bilmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezip, welaýatda baş baýraga mynasyp bolandyklaryny aýtdy.

Bu mekdebe çenli çagalar edarasynyň işgärleriniň agzybirlik bilen çekýän tutanýerli zähmeti, gazanýan üstünlikleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň şäherdäki iň gowy mekdebe çenli çagalar edarasydygyny tassyklaýar.

 

Tirkeş MÄMMEDOW,

ýörite habarçymyz.

Surata düşüren Ahmet TURŞEKOW

“Mugallymlar” gazeti,

16.11.2022 ý.

Meňzeş habarlar