Häzirki wagtda bilim ulgamynyň kämilleşmegi, kompýuter tehnologiýalaryny ulanmagyň giň gerime eýe bolmagy, audio-wideo serişdeleriniň sapaklarda giňişleýin peýdalanylmagy okuw sapaklarynyň täsirliligini artdyrýar.
Okuwçylarda sapaga bolan gyzyklanmany döretmek, ilkinji nobatda, mugallymyň döredijilikli işlemegine bagly bolup durýar. Mugallym sapagy guranda, ony oýunlaryň üsti bilen berkitmek ýa-da bilim bäsleşiklerini geçirmek arkaly utgaşdyrsa maksadalaýyk bolýar. Mysal üçin, «Özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlary» diýen tema geçilende, ony interaktiw usulda okuwçylara düşündirmek ýerlikli bolýar:
1. Ýüz tutma sözi bar.
2. Ümlük bar.
3. Giriş sözi bar.
Multimedia tagtasynda şeýle sowallar çykýar. Garşysynda berlen jogaplaryň haýsysy dogry bolsa, okuwçylar ony tagtada ýazyp, görkezmeli bolýarlar. Bu bolsa okuwçylar üçin örän gyzykly bolýar. Olar dogry jogaby tapmaga synanyşýarlar. Şeýlelikde, hemmesi sapaga işjeň gatnaşýarlar. Soňra okuwçylardan ýasama sözleri sözlem içinde getirtmek we haýsy söz toparyndan haýsy söz toparynyň ýasalandygyny soramak peýdaly bolýar. Şeýlelikde, okuwçylaryň mugallym we biri-birleri bilen dostana gatnaşyklary, sözleýişleriniň kämilleşdirilmegi, pikirleniş ukyplarynyň artdyrylmagy ýola goýulýar.
Uly synplarda bir sözüň sinonimdeş, omonimdeş sözlerini özbaşdak gözlemek okuwçylary has-da gyzyklandyrýar. Mysal üçin, gözel, owadan, nepis, ajaýyp... ýaly sinonimleri interaktiw tagtada görkezip, okuwçylara ony dowam etmegi tabşyrmak olaryň söz baýlyklarynyň artmagyna ýardam berýär. Durnukly söz düzümleriniň manysyny dogry çözlemek okuwçylaryň dil baýlygyny artdyryp, çeper sözleýşini ösdürýär, jümleleriň many ýorgudyny dogry çözlemek işini kämilleşdirýär.
Ene dilimiziň sowatly özleşdirilmegi adamyň ruhuny göterýär, ata-baba mirasy eserlerimize, aýtgylarymyza, parasatly sözlerimize dogry düşünmäge ýardam berýär. Şeýle-de, okuwçylaryň okamaga bolan höweslerini artdyryp, gymmatly edim-gylymlarymyzyň ýaşlaryň terbiýesine oňaýly täsir etmegine itergi berýär. Şeýlelikde, ähli okuwçylar geçilen temany gowy özleşdirýärler.
Şasenem ÄRNAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki
ýöriteleşdirilen 15-nji orta
mekdebiň mugallymy.
14.11.2022 ý.