HALK DÖREDIJILIK ESERLERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ynsanperwer ylymlar hem ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  nusgawy edebiýatymyzy, mirasymyzy öwrenmek, ony geljekki nesillerimize ýetirmek bilen baglanyşykly işler uly üstünliklere beslenýär. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyz, halk döredijiligimiz ylmy esasda öwrenilýär we ýaş nesillere wagyz edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýe bolup, medeni ugurlarda hem beýanyny tapýar.

Halk döredijilik eserlerine nakyllar, ertekiler bilen birlikde dessanlar hem degişlidir. «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlary, «Şasenem—Garyp», «Saýatly—Hemra» ýaly dessanlar halk döredijilik eserleriniň örän baýdygyny beýan edýär. Şeýle kyssa eserlerini okamak, öwrenmek ynsan ruhuny baýlaşdyrýar. Bu eserler milli medeniýetiň ösmegine hem örän uly täsir edipdir, çünki dessanlar- daky beýan edilýän namalar bagşylar tarapyndan joşgun bilen aýdylýar, halk aýdymlaryna öwrül- ýär. Şeýle hem bu dessanlaryň aýdylyşy, toý-baýramlarda ýerine ýetirilişi milli medeniýetimiziň baýlygyny alamatlandyrýar.

Halk döredijiliginiň nusgasy bolan dessanlar sahna eserlerine hem öwrülýärler. Ynha, «Şasenem — Garyp» dessanynyň  opera hökmünde sahnada goýulmagy ünsüňi çekýär. Bu bolsa halkyň döreden eserleriniň many-mazmunlydygyny, diliniň çeperdigini beýan edýär. Şeýle bolmak bilen bir hatarda opera sungatyny ösdürmekde dessanlardan peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçin hem ýaşlara milli medeniýetimiz öwredilende olaryň çeper edebiýaty köp okamaklary, halk döredijilik eserlerine ýüzlenmekleri hakynda beýan edýäris. Halk döredijilik eserlerini köp okaýan talybyň dil baýlygy hem örän giň bolýar, çeper sözleýşiň inçe ýollaryna göz ýetirýär.

Medeniýet — döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni, ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň we geljeginiň keşbiniň aýdyň beýany. Medeniýeti öwreniş ylmynda «Medeniýetiň filosofiýasy» diýen düşünjä gabat gelinýär. Medeniýetiň filosofiýasy adama öz içki dünýäsini tapmakda, durmuşa döredijilikli garamakda, pähim-paýhasa ýol açmakda, adamzadyň öz bagtyny tapmagynda esasy daýanç çeşmesi bolup durýar. Pähim-paýhasa bolan ýol adamdan ruhy ösüşi talap edýär. Pelsepeçiler  kalbyň açyklygy adamyň gözellige bolan gatnaşygyny görkezýändigini, ynsanperwerligiň şol gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini belleýärler. Milli medeniýetimizi, halk döredijilik eserlerimizi ylmy esasda öwrenmek bilen bir hatarda olary ýaşlara öwretmek asylly ýörelgämiz bolup durýar. Şunda halk döredijilik eserleriniň hem, halk döredijilik eserleri bolan dessanlaryň hem uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

 

Täzegül SAMEDOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen

milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

“Mugallymlar” gazeti,

14.11.2022ý.

Meňzeş habarlar