DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEK

Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünär- men ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Dil diňe bir dostluk köprüsi däl-de, eýsem,
ylym-bilimde hem möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň üçin häzirki döwürde dünýä dillerini öwrenmek ýaly asylly ýörelgeler kemala geldi. Bu bolsa ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna mümkinçilik döredýär.

Daşary ýurt dillerini öwretmekde iň kämil usullar ýola goýulýar, çünki sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi dürli sapaklar bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwredýän sapaklarda hem täze usul- lar, bilim bermegiň iň täze görnüşleri kemala gelýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ses ýazgylary, dürli şekiller ýaşlaryň dil öwrenmeklerine ähli ýeňillikleri döredýär. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça kitaplar, sözlükler bu günki gün ýakyn gollanmamyza öwrüldi. Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin çap edilen kitaplaryň, sözlükleriň uly ähmiýeti bardyr.

Daşary ýurt dillerinde kitap okamak dili has-da çuňňur öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem, munuň özi şol dilde pikirlenişiňi ösdürmekdir, ýazmaga bolan başarnygyňy kemala getirmekdir. Dilçi alymlar hem daşary ýurt dilini öwrenmegiň başlangyç döwründe gepleşigi beýan edýän kitaplardan peýdalanmagy maslahat berýärler.Olaryň pikirine görä,şeýle kitaplarda berilýän sözler we sözlem nusgalary sözlem düzmegiň umumy ýörelgelerini ýatda saklamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Sebäbi, gepleşik kitaplarda köp halatlarda sözlem nusgalary birinji ýöňkemede berilýär, bu bolsa dil öwrenijileriň gündelik durmuşynda degişli sözlemleri ulanyp bilmeklerine we gowy ýatda saklamagyna oňaýly täsir edýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şeýle giň mümkinçilikler ýaşlara dil öwretmekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle giň mümkinçilikleri döredýän, ylym-bilimi has-da ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
 

Nurjamal BALYŞOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň mugallymy.

“Mugallymlar” gazeti,

14.11.2022 ý.

Meňzeş habarlar