Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Şunda berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gel- ýän netijeli işler ýola goýulýar.
Mugallymlar ösüp gelýän ýaş nesle diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň jemgyýetdäki milli edep-terbiýesiniň ornuny pugtalandyrmalydyrlar. Her bir maşgalanyň göz guwanjy bolan çagalar döwletimiziň gymmatly baýlygy, Watanymyzyň geljegi bolsa, olaryň terbiýesi, bilimi mugallymlara baglydyr.
Zähmet çekmegiň baş wezipesi hemişe kämilleşmekdir. Her kärde kämilleşmegiň öz ýoly bar. Mugallymçylykda kämilleşmegiň esasy ýörelgesi okamakdyr. Dünýägaraýşyňy, öz hünär ugruňdan bilimiňi artdyrýan eserleri, esasan-da sapak guramagyň, bilim bermegiň iň öňdebaryjy usulyýeti baradaky kitaplary köpräk okamaly, kärdeşleriň tejribesi bilen yzygiderli tanyşmaly. Olaryň oňyn taraplaryny öz tejribäňe ornaşdyrmaly.
Diýmek, mugallymyň kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biri onuň usulyýet taýdan ussatlygyna baglydyr. Usulyýet sözi «metodos» diýen gadymy grek sözünden gelip çykyp, ol ylmy-derňew işiniň ýollary, bilmegiň, öwrenmegiň, akyl ýetirmegiň usullary diýmegi aňladýar. Usulyýet—pedagogika ylmynyň bir şahasy bolup, onuň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň we barha kämilleşýän häzirki zaman şertlerine laýyklykda ösdürmegiň netijeliligini geljekde has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Sapagy ýokary derejede guramagyň usulyýeti oňa taýýarlyk döwründen başlanýar. Mugallym her bir guraýan sapaklaryna jogapkärçilikli çemeleşip, oňa ýokary derejede taýýarlyk görýär. Sapaga taýýarlyk görmegiň hem ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýeti bar. Onda bu işiň basgançaklary yzygiderlilikde kesgitlenendir. Şunda mugallym, ilkinji nobatda, öz okadýan synplarynyň okuwçylarynyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, (ol takyk-tebigy derslermi, dil bilimimi ýa-da ynsanperwer derslermi) sapagyň görnüşini saýlap alýar.
Usulyýetini kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýän we täzeçil çemeleşmeleri öz işine ornaşdyrýan mugallymlar sapagyň beýleki görnüşlerini hem guraýarlar. Mysal üçin, taryh sapagynda ýa-da beýleki ynsanperwer ugurly sapaklarda ýokary synplarda mekdep umumy okuwyny guramak mümkin. Munuň özi tutuş sapagy diňe täze maglumatlary öwretmäge bagyşlamak diýmekdir. Mugallym okuwçylara temany giňişleýin düşündirýär. Indiki sapakda bolsa söhbetdeşlik sapagyny guraýar, ýagny bütin sapagy okuwçylaryň bilimlerini barlamak bilen geçirýär. şeýle usullar dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň bilim ojaklarynda, ýöriteleşdirilen mekdep-internatlarynda giňden peýdalanylýar we hünärmenler onuň oňyn taraplarynyň köpdügini tekrarlaýarlar. Munuň özi uzak wagtyň dowamynda täze maglumatlary diňlemek arkaly öwrenmek bilen okuwçylaryň belli bir zatda ünsleriniň jemlenmegine, şeýlelikde, üns bilen baglanyşykly psihologik aýratynlyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Şeýle-de, ýokary synplarda guralmak bilen bu usul okuwçylaryň geljekde ýokary okuw mekdeplerinde okuw işiniň guralyşyna çalt uýgunlaşmagyna täsir edýär, çünki olarda okuw prosesi hut şu görnüşde guralýar.
Halypa mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek, olardan iň bolmanda bir pursady özüňe almak iş usullaryň has-da kämilleşmegine ýol açýar. Tejribe arkaly mugallymlaryň usuly taýdan kämilleşmeklerinde mekdeplerde hereket edýän usuly birleşmeleriň, şeýle-de mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasarynyň işine uly orun degişlidir. Şonuň üçin mugallymlar öz halypa kärdeşleriniň sapaklaryna, müdiriň degişli orunbasarlary bolsa ähli mugallymlaryň sapaklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Şunda sapagyň geçirilişiniň aýratynlygy, mugallymyň wagtdan maksatlaýyn peýdalanyşy, sapak ýazgysyna laýyklykda öňde goýlan wezipeleri amal edişi, okuwçylaryň sapaga gatnaşyşy esasy üns berilmeli ýagdaýlardyr.
Ýaş nesle kämil bilim bermäge, olary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kerim SAZAKOW,
Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen
26-njy orta mekdebiň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.