BIOLOGIÝA SAPAGYNYŇ ÄHMIÝETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, şonuň netijesinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi asylly maksada Watanymyza mynasyp ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olara Watanymyzyň şöhratly taryhy, tebigy baýlyklary, tebigy gözelligi barada düşünje bermegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu işiň talaba laýyk guralmagy, degişli maglumatlaryň täsirli we giňişleýin beýan edilmegi okuwçylaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürýär. Mekdepde biologiýa sapagyny okatmak bilen, geçýän temalarym arkaly okuwçylara ýurdumyzyň tebigy gözelligi, ony baýlaşdyrmagyň we gorap saklamagyň zerurlygy barada düşünje berýärin.

Arkadagly Serdarymyz şeýle belleýär: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir.Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär». Şu parasatly sözlere ünsi çekýärin hem-de bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň berýärin.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly işlere möhüm ähmiýet berilýär. Bu iş aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen giň gerime eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerini täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň tebigatyny has-da gözelleşdirmäge we baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabarasy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Her gezek bu çärä ildeşlerimiziň müňlerçesi gatnaşyp, watançylyk joşgunyny, ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana söýgüsini aýan edýär. Köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna  gatnaşýanlaryň köpüsiniň ýaşlardygy has-da guwandyryjydyr. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly ýörelgeleriniň dowam edýändiginiň subutnamasydyr. Ine, şeýle işlere ýaş nesliň ünsüni çekip, oňa gatnaşmaklaryny gazanmak mugallymlaryň borjudyr.

Türkmen topragy ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Şolaryň müňlerçesi bolsa dermanlyk häsiýetlidir. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny okanymyzda has aýdyň göz ýetirýäris.

Bu günki gün paýtagtymyzyň daş-töwereginde, welaýatlarda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tokaý-zolaklarynyň çäkleri giňeýär, arassa daşky gurşaw üpjün edilýär. Şeýle asylly hem beýik işleri durmuşa geçir -ýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys . Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Baýramgül DURDYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 142-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Meňzeş habarlar