SAPAKLARDA TEBIGAT HAKYNDA DÜŞÜNDIRMEK

Gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň tebigaty gorap saklamak ýörelgesi has kämilleşip, her bir adamyň bu babatda oňyn hereketleri rowaçlanýar.

Halkymyz üçin baglar, tokaýlardaky ösümlikler tebigatyň özboluşly baýlygy bolup, biodürlüligiň köpelmegine, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň artmagyna ýol açýar. Sanly bilimiň uly ösüşlere eýe bolýan häzirki döwründe daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek esasy meseleleriň biridir. Bu bolsa mugallymlardan daşary ýurt dillerini okatmagy dünýä tejribesinde gazanylýan üstünliklerden peýdalanyp, täzeçe guramagy talap edýär.Okuwçylara okuw maglumatlaryny netijeli öwretmekde interaktiw usullaryň, sanly bilim serişdeleriniň uly orny bardyr.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlara ekologik terbiýe bermek meselesi döwrüň esasy talaplarynyň biridir.Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde tebigaty goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, tebigaty goramagyň hukuk, kanunçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek, ekologiki abadançylygy üpjün etmek, biodürlüligi gorap saklamak babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Şeýle hem, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak barada wagyz nesihat çärelerini geçirmek arkaly ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini terbiýelemek esasy wezipeleriň birine öwrülýär.

Iňlis dili sapaklarynyň okadylyşyny döwrüň ösýän talaplaryna, dünýä ülňülerine kybap getirmekde dersara baglanyşyga uly orun degişlidir.Iňlis dili sapagynda ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine ýüzlenmek, olara degişli tekstleri, gönükmeleri, ýumuşlary okuwçylara işletmek özüniň oňyn netijelerini berýär. Bir tarapdan, okuwçylaryň sözbaýlygy artýar,ikinji bir tarapdan bolsa,olaryň ekologiýa bilen baglanyşykly dünýägaraýşy ösýär,giňeýär. Mysal üçin, mekdepde 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji synplarda geçilýän iňlis dili sapaklarynda okuwçylar bilen «Environment and Ecology» (Daşky gurşaw we ekologiýa), «Save the Environment» (Daşky gurşawy goraň), «Environment alprotection» (Daşky gurşawyň goragy) ýaly temalar geçilende, global meseleleriň üstünde işlemek okuwçylaryň ekologiýa boýunça düşünjelerini giňeltmäge, sanly bilim serişdeleriniň üsti bilen tebigata,goraghanalara, Janly tebigatyň milli muzeýine gaýybana seýil etmäge ýardam berýär.Şu sapaklarda,ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty baradaky maglumatlar bilen okuwçylary tanyşdyrmak maksada laýyk bolar.

Maglumat ulgamynyň ösmegi, elektron kitaphanalaryň döredilmegi,köne kitaplaryň elektron ýazgylara geçirilmegi, audio, wideo sapaklarynyň guralmagy okuwçylaryň bilim goruny baýlaşdyrmaga ýardam edýär.Iňlis dili sapagynda sanly bilim serişdeleriniň üsti bilen ekologik adalgalaryň üstünde işlemek okuwçylaryň ekologiýa boýunça gözýetimleriniň ösmegine uly ýardam edýär. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Nazar HANMEDOW,

Görogly etrabyndaky

27-nji orta mekdebiň mugallymy

«Mugallymlar» gazeti,

08.11.2022 ý.

Meňzeş habarlar