KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ UGURLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşini, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle beýik işleriň bilim ulgamynda hem durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Häzirki wagtda bilim özgertmeleriniň netijesinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Şonuň esasynda sanly bilimiň ösdürilýändigini bellemek gerek. Netijede, döwrebap tehnologiýalara düşünýän kämil hünärmenler kemala gelýär.

Häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň giň dünýä garaýyşly bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir adamyň döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini gazanmak, zähmeti guramak, onuň netijeliligini, hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak zähmet gatnaşyklarynda möhüm bolup durýar. Ýurduň galkynmagy, ösmegi, halkyň abadan ýaşamagy ugrundaky bähbitli işlere halal zähmeti bilen goşant goşmak her bir raýatymyz üçin uly bagtdyr. Häzirki elektron asyrda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamy durmuşa geçirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim tehnologiýasynyň soňky gazananlaryny ulanyp, talybyň bilim derejesini dürli testler, ýumuşlar arkaly berkidýäris. Häzirki döwürde sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýändigini nazara alyp, ýaşlaryň sanly tehnologiýalara düşünmeklerini gazanmak bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alyp, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ylym bilimiň ähli gazananlaryndan ýerlikli peýdalanyp, okuw maksatnamalary işlenilip taýýarlanylýar. Ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylanda tehnologiýanyň dürli görnüşleri, nanotehnologiýalar hakynda hem düşünje berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, hünärmenleriň ýokary ussatlyga eýe bolmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilimli, maksada okgunly nesli kemala getirmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin talyp ýaşlaryň we ýaş mugallymlaryň okuw dersleri boýunça tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, ösdürmek, olary höweslendirmek boýunça institutymyzda zerur çäreler geçirilýär. Şolaryň hatarynda talyp ýaşlaryň arasynda guralýan bilim bäsleşiklerini agzamak bolar. Talyplarymyz diňe öz döwletimiziň çäginde geçirilýän bäsleşiklerde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde hem bilim başarnyklaryny görkezýärler. Talyp ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň aýdyň miwesidir. Geljekde hem ýaş hünärmenleri kemala getirmek, olaryň ylymly bilimli, giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmekleri üçin öz goşandymyzy goşarys. Ylym bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Mährijemal GYLYJOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy.

«Mugallymlar» gazeti,

07.11.2022 ý.

Meňzeş habarlar