YLMY IŞLERIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlary taýýarlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu babatda ylym bilime innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ýaş nesliň öwrenijilik işjeňligi we özbaşdak pikirlenmek endigi ösdürilýär.

Mugallymyň ýa-da ylmy işgäriň işiniň netijesine täsir edýän ýagdaýlary şertli iki topara bölmek bolar: birinjisi—işgäriň zähmetiniň netijeliligine täsir edýän we ikinjisi—mugallymyň ýa-da ylmy işgäriň öz zähmetine bagly soraglar.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda ýeke-täk sanly ulgama geçilmegi rowaçlanýar. Innowasion pedagogik tehnologiýalar ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynyň ähli basgançaklarynda ulanylýar. Kompýuter ulgamy—maglumatlary gaýtadan işlemek üçin uniwersal bolup, okuwçylara, talyplara we ylmy işgärlere gerek maglumatlary almagy tizleşdirýär. Döwrebap hasaplamalar kompýuter ulgamynyň kömegi bilen geçirilip, täze usulyýetleriň üstünde işlenilýär.

Ylmy iş – bu düşünjäniň belli bir kesgitlemesi ýok we dürli pudaklar üçin birmeňzeş bolmaýar. Ylmy zähmeti täze hakyky subutnamalaryň we maglumatlaryň ulgamlaşdyrylmagyna we işläp taýýarlanylmagyna gönükdirilen döredijilik işi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Pedagogiki we ylmy işgärlere edilýän ilkinji talaplaryň biri olaryň pikirlenmäge ukybynyň bolmagydyr. Köp alymlar döredijilikli iş hökman pikirlenmegi talap edýär diýip belleýärler we dürlüçe pikirlenýärler. Ylmy işgär şowlulyga ýeke bir ýörite bilime eýe bolany üçin däl-de, eýsem, hemişe pikirlenmek ukybyna eýe bolanda ýetýär. Aýratyn hem döredijilik işiniň ähli döwründe pikirlenmek onuň ynamly ýoldaşy bolmalydyr. Eger-de bu zerurlyga öwrülen bolsa, onda beýniniň özi daşyndan hiç hili täsiriň bolmadyk ýagdaýyndada çykalga tapmak ukybyna eýe bolýar. Şonuň üçin ylmy işgäriň we mugallymyň zähmetiniň netijeliligi onuň ýüze çykarýan döredijilik (sapagyň geçirilişine täze usullary girizmek, innowasion tehnologiýalary ulanmak we ş.m.) derejesine bagly bolup durýar. Bu haçan-da ylmy işde köp maddy serişdeler talap edilen wagtynda has hem aýdyň görünýär. Ylmy işgäriň we mugallymyň zähmetiniň netijeliligine meýilnamasyz ýetmek mümkin däl. Ylmy we okuw işleri meýilleşdirilende aşakdakylary göz öňünde tutmaly:

  • barlag işleriň etaplaryny anyklamak we oňa düşünmek üçin çak edilýän esasy barlag meýilnamalary bellemek;
  • temanyň tamamlanýan etabyny görkezýän takmynan meýilnamany düzmek.

Işleri wagt boýunça paýlamak uly göwrümli işler meýilleşdirilende zerur bolýar. Barlagyň dürli döwürlerine dürli dartgynlyk mahsus bolup biler. Fiziki we aň zähmetiň konsentrasiýasynyň hem derejesi üýtgäp biler.

Eger-de biz öz meselämizi artykmajy bilen ýerine ýetirmekçi bolsak, onda diňe bir bilmeli zadymyzy bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ony hasda giňişleýin öwrenmeli bolýarys. Öwrenilmegi zerur däl diýlen sowala jogap tapmak mümkin däl. Emma wagtyň geçmegi bilen üýtgeýän belli bir düzgünler bolýar. «Hemme zady bilmek isleýärin» ýörelgesine häzirki wagtda köpçülik tarapyndan gaýtadan seredilýär. Alym üçin giňişleýin bilim zerurdyr, emma nähili derejede we nähili ulgam boýunça gerekligi onuň içki islegidir.

Ylma başlanyňda, ilkinji ýerine ýetirmeli wajyp meseleleriň biri öňki alymlaryň ýazan makalalaryny, kitaplaryny gaýtadan seljerip, üstünde işläp, özüňe gerek bolan maglumaty almagy başarmaly. Bu pikirlenmäni işjeňleşdirýär, goýlan meseläniň çözgüdiniň dürli ýollaryna duş gelýärsiň. Bu psihologiki usul meseläniň çözgüdiniň has oňaýly ýoluny tapmaga ugrukdyrýar. Her bir makalanyň üstünde üns bilen, dykgat bilen işlemek maglumatyň hil taýdan ýokary işlenilmegine eltýär. Makala pikirlenip okalanda, döredijilikli zähmete ýetirýär. Teksti işläniňde hemme zadyň aýdyň bolmagyna çemeleşmelidir. Aýratyn ýagdaýlarda teksti belli bir wagtda ýat tutmaly hem bolýar.

Her bir ylmy işgär we mugallym ýatda saklaýyş ukybyna eýe bolmalydyr. Ýatda saklamak ýönekeý ýagdaýda däl-de, eýsem, işjeň pikirlenmegiň esasynda bolsa, ol has gowudyr diýlip aýdylýar. Ýatda saklamak diýmek düşünmek diýmek bilen barabar bolmalydyr.

Ilkinji ýerde okuwçynyň, talybyň okuwa ýetişigi hem-de onuň alýan terbiýesi bolmalydyr. Köpçülikleýin ylmy işde düzgün bolşy ýaly, ylmy işiň islendik bir netijesi nazaryýetçileriň, synagçylaryň we inženerleriň bilelikdäki zähmeti bolup durýar. Bu ýerde özara hormat we goldawlylyk has hem ýokary derejede bolmalydyr. Ylmyň ösmegi bilen işiň ýöriteleşmegi we kämilleşmegi nazara alynýar.

 

Täçdurdy ŞEKERALYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlaryň

kandidaty.

“Mugallymlar” gazeti,

16.11.2022 ý.

Meňzeş habarlar