BILIM — ÖSÜŞLERIŇ ŞUGLASY

Ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi we möhüm wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly». Arkadagly Serdarymyz çuň manyly çykyşynda ýaşlary terbiýelemegiň, olary watansöýüji nesil edip kemala getirmegiň aýdyň ugurlaryny kesgitledi.

Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bagtyýar geljegi üçin hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünär taýdan sowatly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada hormatly Prezidentimiz hemişe uly alada edýär. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köpugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýaşlaryň uly goşant goşjakdygyna uly ynam bildirýär.

Hawa, döwletimiz ýaşlara hemişe uly ynam bildirýär we olary hemmetaraplaýyn goldaýar. Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklaryny üpjün etmek, okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ähli amatlyklar döredilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň müňlerçesi bilim alyp, öz gözýetimlerini giňeldýärler. Olar tehnologiýalaryň soňky gazananlaryndan netijeli peýdalanýarlar.

Garaşsyz döwletimizde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan bilim özgertmeleriniň netijesinde, döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Mekdepler ýokary derejeli, kämil hünärmenler bilen üpjün edilýär. Olaryň işine döwrebap kompýuter, multimedia enjamlary, täze tehnologiýalar, sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Amala aşyrylýan bu işler ýaşlarymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklaryna, sagdyn ösüp, jemgyýetimize mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat aragatnaşyk ulgamlary babatda netijeli işleri amala aşyrýarlar.

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

 

Azat ŞAÝMERDANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň mugallymy.

“Mugallymlar” gazeti,

23.11.2022 ý.

Meňzeş habarlar